Bilimlerini artdyrmak isleýän maksada okgunly ýaşlary synlanyňda, gözlerinde talyp bolmak hyjuwynyň has ýitidigini görmek bolýar. Ýaşlaryň ylymlar dünýäsine gadam basmagy, olaryň bilim hazynasyna eýe bolmak arzuwynyň hakykata öwrülmegi babatynda ajaýyp zamanamyzda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ajaýyp döwürde ýaşlara okamaga, saýlap alan hünäriniň eýesi bolmaga ähli mümkinçilikler bar. Bilim ulgamyndaky öňegidişlikler we bu ulgamyň ähli ugurlar boýunça kämilleşdirilmegi ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmagy baradaky üns-aladalaryň nyşany.
Her bir ýaş nesliň kalbynda beslän arzuwlarynyň biri-de, elbetde, ýokary okuw mekdebinde okuwyny dowam etdirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtly talyby bolmakdyr.
Meniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyby bolmak arzuwym hasyl boldy. «Yhlasa – myrat» diýleni. Ine, indi men Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby. Şu okuw ýylynda Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby bolmagym, diňe bir meniň ykbalymda däl, eýsem tutuş maşgalamyz üçin ýatdan çykmajak bagtyýarlyk boldy. Arzuw-islegleriň hasyl bolýan ajaýyp zamanamyzda ene-atamyzyň, maşgalamyzyň, ata Watanymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize bildirýän çäksiz ynamyny ödemek, haklamak üçin biz kämil bilimli, ahlak taýdan arassa, il-günümize gerekli hünärmenler – hünärimizi söýýän oba hojalykçylar bolup ýetişmelidiris. Ynsanyň durmuşynda şeýle tolgundyryjy pursatlar, ýagny talyp bolmak bagty meniň başymy al-asmana göterýär, geljege bolan ynamymy artdyrýar.
Ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun !
Altyn HOJAMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.