BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI

     Düýn ýurdumyzyň ähli künjeginde Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenildi. Diýarymyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde ilkinji jaňlar kakylyp, täze okuw ýylyna gadam basyldy. Şeýle hem ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze okuw ýylynyň ilkinji güni mynasybetli dabaralar gurnalyp, bu okuw ýylynyň üstünliklere beslenmegi arzuw edildi.

     Agzybir halkymyzyň döwletli bosagasyndan ätleýän tylla güýzüň ilkinji güni – Bilimler we talyp ýaşlar güni buýsançly seneleriň biridir. Bilim paýhasly pederlerimiziň geljek nesillere galdyran iň gymmatly mirasydyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolunýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent, Watanymyzyň kuwwatyny hasda artdyrjak hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir. Ylym-bilim jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun tutýar, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynda esasy şert bolup hyzmat edýär.

     Hormatly Prezidentimiz  ýurdumyzda ylmy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin türkmen ýaşlarynyň mümkinçiliklerini we baý tejribesini doly ulanmagyň, şeýle hem ylma zehinli ýaşlary çekmegiň,olaryň ukyp-başarnygyny doly açmaga we ulanmaga ýardam bermegiň, döredijilik gözleglerine höweslendirmegiň möhümdigini nygtaýar.

     Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda ädilýän ädimler, ilkinji nobatda, doly derejeli we köpugurly bilim almak, sazlaşykly ösen ýaş nesli, hakyky watançylary terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýaşlarymyz ýakyn geljekde eziz Watanymyzy täze sepgitlere hem-de uly üstünliklere ýetirmelidir.

     Öz halkyna eşretli, bagtyýar durmuşy bagyşlaýan, ylymly-bilimli, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmek babatynda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Mährijemal NYÝAZDURDYÝEWA,

TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň

şahamçasynyň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

19 Sentýabr 2024 | 1 okalan

DÖWLETLI GEŇEŞE BARÝARYS

18 Sentýabr 2024 | 75 okalan

SANLY BILIM – DÖWREBAP ÖSÜŞIŇ GIREWI

17 Sentýabr 2024 | 70 okalan

AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI