KITAP OKAMAÝAN GÖRÝÄNINI GÖRER, KITAP OKAÝAN DÜNÝÄNI GÖRER

«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp ýaşlary kitap okamaga höweslendirmek, ýaş nesliň adamzadyň ruhy hazynasy hasaplanýan kitaplar dünýäsine çuňňur aralaşmagyny, kitaplar we kitaphanalar bilen dostlaşmagyny gazanmak, halkymyzyň kitaba we kitap okamaklyga goýýan beýik sarpasyny, hormatyny ýaş nesle ýetirmek, olaryň kitap okamak endiklerini ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat we Daşoguz şäher Geňeşleriniň gurnamagynda «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmaklarynda «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» atly şygar astynda kitap okamak bäsleşigini geçirdi. Gyzykly geçen bu bäsleşikde 1-nji ýere Orazowa Gülzada, 2-nji ýere Saryýewa Şemşat, 3-nji ýere  Ýoldaşow Resul mynasyp boldylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de gatnaşyjylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Kakabaý DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň

umumy bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 16 okalan

HÜNÄRIM BAR-HORMATYM BAR

18 Iýul 2025 | 6 okalan

ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANDY