SPORT – KÄMILLIGE BADALGA

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň hem-de şäher bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Baýramaly şäheriniň 22-nji çagalar bakja-bagynda “Sport – kämillige badalga” ady bilen ýeňil atletika boýunça ýaryş geçirildi.

Ýaryşda körpeler uzak aralyga ylgamak boýunça ýaryşdyrlar. Olar öz aralarynda iki topara, ýagny “Şatlyk” hem-de “Şowhun” toparlara bölündiler. Ýaryşda körpeler öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýeňiji bolan toparyň körpelerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň adyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Ýaryşyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşly sözlerini aýtdylar.

Maksatgeldi ANNAMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Baýramaly şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

13 Sentýabr 2025 | 128 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 73 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI