Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedowyň «Ýaş žurnalistiň döredijilik mekdebi» atly okuw gollanmasy ösüp gelýän ýaş žurnalistler üçin gymmatly çeşmedir. Kitabyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň žurnalistika barada aýdan birnäçe parasatly pähimleri bilen başlanmagy onuň gymmatyny has-da artdyrýar.
Žurnalistika ugrunyň talyplarynyň kämilleşmegi üçin kitap özünde makalalaryň žanrlar toparyna gysgaça düşündiriş berilmegi, interwýu alnyşy, makalanyň ýazylyşy we tiz ýazmagyň ýollary, žurnalistiň tekstiniň redaktirlenilişi, gazet neşirleriniň žanrlary we başgalar barada maglumatlary jemleýär. Ondan başga-da kitapda «Žurnalistika hakynda söz», «Tejribeli žurnalistlerimizden ýaşlara peýdaly maslahatlar» bölümleriniň, awtoryň metbugat çykyşlarynyň onlarçasynyň žanrlar boýunça bölünip berilmegi ýaşlaryň hünär kämilligi babatda düşünjelerini artdyrmaga ýardam eder.
Halypa žurnalistiň bu kitaby ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplary, şeýle-de bu ugurdan sapak geçýän mugallymlar üçin we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän ýaş žurnalistlere-de peýdaly gollanma bolup hyzmat eder.
Ýulduz BABAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Lebap welayat Geňeşiniň habarçysy.