Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurtlara edýän döwlet we resmi saparlary, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän ýokary derejeli halkara çäreler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň işjeňliginiň we abraýynyň görkezijisidir. Bu saparlaryň we ýurdumyzda geçýän uly halkara çäreleriniň netijesinde täze ylalaşyklar baglaşylýar, özara düşünişmek esasynda täze hyzmatdaşlyk ugurlary açylýar.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty dürli döwletlerden gelen wekilleriň gatnaşmagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, sebit we dünýä ähmiýetli meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik döretdi.
Türkmenistanyň daşary syýasatynda adam hukuklaryny goramak, ykdysadyýet, durnukly ösüş, ekologiýa, ylym-bilim we medeniýet ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlyklar özüniň oňyn netijesini berýär.
Türkmenistan halkara gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynda üstünlikli öňe barýar. Bitaraplyk ýörelgelerine we hoşniýetli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatyň dowam etdirilmegi bilen, ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki orny has-da berkeýär. Ata Watanymyz dünýäniň ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem üstünlikden üstünlige alyp gider.
Maksat BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
Umumy bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.