ADAM ORGANIZMI HAKYNDA KÄBIR GYZYKLY FAKTLAR

Adam organizmi medisina tehnologiýalarynyň ösen döwründe hem haýran galdyrmagyny dowam etdirýär. Alymlar biziň bedenimiziň üýtgeşik hasaplanýan täze aýratynlyklaryny açýarlar. Käbir üýtgeşik aýratynlyklary hakynda tanyş bolalyň.

Adam organizmi aç 30-40 güne çenli, suwsuz 3-5 güne çenli, howasyz 6 minuda çenli çydap bilýär.

Adam bedeni bütin ömrüniň dowamynda, takmynan, 450 kilogram gyzyl gan öýjüklerini öndürýär. Has gyzyklysy, biohimiki düzümi boýunça gan plazmasy deňiz suwuna meňzeşdir.

Erkek adamyň ýüregi aýalyňkydan birneme haýal urýandyr.

Adamyň iň uly organy deri bolup, iň agyr organy bolsa bagyrdyr.

Deriniň ýüzünde, takmynan, 32 000 000 bakteriýa ýaşaýar.

Adam bedeninde takmynan 72 km nerw bar.

Burun 50 000 dürli ysy tanamaga we ýatda saklamaga ukyplydyr.

Adam bedeninde 650-den gowrak myşsa bar.

Eger ähli myşsalaryň güýjüni birbada ulanyp bolýan bolsa, adam bedeni 25 tonna çenli ýüki göterip bilerdi.

Dil bedeniň iň güýçli myşsasy hasaplanýar.

Ömrüniň dowamynda adamyň saçlary 950 kilometrden gowrak ösýär.

Eşidiş ukybynyň peselmeginiň sebäplerinden biri aşa iýmitlenmek bolup biler.

30 ýyldan soň adamyň boýy kem-kemden peselip başlaýar.

Adamlaryň 30%-den gowragy ýagtylykda asgyrýarlar, gözüňizi açyp asgyrmak fiziki taýdan mümkin däl.

7 aýa çenli çaga bir wagtyň özünde hem dem alyp, hem ýuwdup biler.

Ömrüň dowamynda ýürek, takmynan, 6 million litr gan işläp çykarýar.

Ýulduz BABAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň habarçysy.

Meňzeş habarlar