KÄ­MIL BI­LIM­LI NE­SIL — RÖWŞEN GELJE­GE YNAM

Bu günki gün ýaşlar meselesi döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şo­ňa görä-de, bu ugurdaky kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. Mälim bolşy ýaly, ýaş nesil baradaky döwlet syýasatyny netijeli amal etmek maksady bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem-de «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy», «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» kabul edildi. Bu resminamalaryň ählisinde bilimli, giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, jemgyýetçilik durmuş ugurlarynyň ýeten sepgitlerinden habarly we olardan oňat baş çykarýan ýaş raýatlary terbiýelemäge, şeýle-de ýaşlaryň iş üpjünçiliginiň we durmuş goraglylygynyň ýokarlandyrylmagyna, olar üçin täze iş orunlarynyň döredilmegine uly ähmiýet berilýär. Golaýda döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öň­de goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hemde ýaşlaryň hünär taýýarlygyny we iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasy we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Ýaş nesil döwletiň geljegi uly baýlygy we şol bir wagtda onuň durmuş-ykdysady syýasatynyň wajyp subýektleriniň biridir. Ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap bilim almagy, ylmy-döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmagy, döwür bilen aýakdaş gadam urmaga ukyply, zähmetsöýer, gaýratly, ilhalar adamlar bolup kemala gelmegi babatda döwlet tarapyndan döredilýän ähli şertleriň we mümkinçilikleriň hözirini görüp ýaşaýan bagtyýar ýaşlar giň dünýägaraýyşly, sowatly raýatlar bolup ýetişýär.

Milli Liderimiz ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmek meselelerini kadalaşdyrmak, bu ulgamdaky kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek, hünärmenleri taýýarlamak işini döwrebaplaşdyrmak babatdaky meselelere hem aýratyn ähmiýet berýär. Ýaşlarda zähmet-iş endiklerini emele getirmek, olarda hünäre söýgini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak wajyp ähmiýetli ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ugurda ýola goýlan binýatlaýyn ulgam, döredilen ýörite institutlar döwrüň we geljegiň zerurlyklaryna kybap öz miwesini berýär.

Döwletimiziň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan uçurymlary işe ýollamagyň tertibini kesgitlemek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda geçirilen 2-nji maslahatynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalaryň girizilmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ýaş raýatlaryň sosial-ykdysady, syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilmegi, Kanunyň 28-nji maddasynda uçurymlary iş bilen üpjün etmek, olaryň durnukly, doly bahaly zähmet işini üpjün etmek boýunça çäreler ulgamyny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak, ýaş hünärmenleriň hataryndan dolandyryjylyk wezipelerini çalyşmak üçin işgärler ätiýaçlygyny döretmek, ýaş hünärmeniň tiz uýgunlaşmagy we onuň hünär endiklerini edinmegi üçin Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, halypaçylyk işini guramak, ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna ýa-da ýaşaýyş jaýyna mätäçlik çekýän ýaş hünärmenleri Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygyna laýyklykda jaý bilen üpjün etmek ýaly döwlet goldawlarynyň berkidilmegi, ýurdumyzyň we daşary ýurt döwletleriniň okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlary iş bilen üpjün etmek maksady bilen, 2017-nji ýylyň 18-nji awgustynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Kararynyň esasynda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça Pudagara toparynyň döredilmegi hem türkmenistanly ýaşlaryň zähmet üpjünçiligi babatynda ýerine ýetirilýän uly işlere mysaldyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda we ykdysadyýetiň hususy toplumynyň düzüminde watandaşlarymyz üçin, ilkinji nobatda, ýaşlar üçin iş orunlarynyň döredilmegi, bir tarapdan, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşiniň sazlaşykly we durnukly häsiýetini şertlendirse, beýleki tarapdan, ilaty iş bilen üpjün etmek syýasatynyň netijeli amala aşyrylýandygynyň beýanyna öwrülýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde durmuş-medeni maksatly hem-de inženerçilik-üpjünçilik ulgamynyň desgalarynyň ýüzlerçesiniň gurluşygy alnyp barylýar. Bu di­ňe bir iş orunlarynyň sanynyň artdyrylmagyny dälde, eýsem, sebitleriň durmuş ösüşini hem üpjün eder. Şu ýerde welaýatlarda nusgalyk häzirki zaman şäherçeleriniň gurluşygyna-da giň gerim berlendigini aýratyn belläp geçmeli. Täze obalarda we şäherçelerde multimedia enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler we çagalar baglary, döwrebap saglyk öýleri we medeniýet öýleri gurulýar. Bu ilatly ýerlerde häzirki zaman söwda ulgamy, aragatnaşyk desgalary we medeni-durmuş maksatly beýleki desgalar toplumy hem bina edilýär. Amala aşyrylýan bu işler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.

Çuň­ňur ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, durmuş gymmatlyklary dogrusynda sagdyn pikirlenmäge ukyply nesil döwletiň hem, milletiň hem geljegi hasaplanýar. Ýaşlaryň aň we beden taýdan sagdyn düşünjeli, hünärine ezber, saýlap alan ýoluna yhlasly bolmagy üçin döredilýän mümkinçilikler örän uly we olara bildirilýän ynam hem belent. Maşgala ojagyndaky sagdyn terbiýeden gözbaş alyp gaýdýan we kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglarynda, orta mekdeplerde alan edep-terbiýesini, sowat-bilimini, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde, aspiranturalarda, doktoranturalarda barha kämilleşdirýän, ylym menzillerini ädimme-ädim külterleýän zehinli, hünärli ýaşlar hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns merkezinde. Çünki ylymly nesil kuwwatly Watan diýmekdir. Ýaşlaryň öz saýlap alan ugurlary boýunça ýokary bilimli hünärmen bolup ýetişmeginde milli Liderimiziň döreden mümkinçiliklerini durmuşymyzyň her ädiminde aýdyň duýýarys we mynasyp jogap bermäge çalyşýarys. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýaşlaryň zähmetsöýer, watançy, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmegi, olary bir döwlete, bir Başa, bir syýasata gulluk etmäge çagyrmak babatda, dürli wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklar, maslahatlar yzygiderli guralýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, yhlas bilen okamak, öwrenmek, döredijilikli we tutanýerli zähmet çekmek bilen, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, bagtyýar we abadan durmuşyň hatyrasyna döretmek, gurmak, uly üstünlikleri gazanmak, elmydama kämillige ymtylmak watansöýüji, ynsanperwer, zähmetsöýer, maksadaokgunly, päk ahlakly bagtyýar nesillerimiziň belent borjy we baş maksady bolmalydyr.

Soltangeldi BA­BA­ÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy.

“Türkmenistan” gazeti,

05.07.2019ý.

 

 

Meňzeş habarlar