«Gün bolmasa, nur, kök bolmasa, daragt, ylym we bilim bolmasa, bagtyýarlyk bolmaz» diýip, juda jaýdar belleýän Gahryman Arkadagymyz ýaş nesillere berilýän bilimiň has-da kämilleşmegine aýratyn ähmiýet berýär. Gözel Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin yzygiderli döredilýän mümkinçilikler bu günki gün özüniň datly miwesini eçilýär.
Iýun aýynyň 17-22-si aralygynda ABŞ-nyň Oswego şäheriniň Nýu-Ýork döwlet uniwersitetinde «Geliň, aýdyň geljegi bilelikde döredeliň!» atly şygar astynda daşky gurşaw meseleleri boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda «GENIUS — 2019» atly halkara ylmy-taslama bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu halkara ylmy-taslama bäsleşigine dünýäniň 80-e golaý döwletinden 1280 okuwçy gatnaşyp, olar takyk we tebigy ylymlar, tehnologiýa, sungat, çeper döredijilik, inženerçilik, dizaýn we işewürlik ýaly 7 ugur boýunça taýýarlan şahsy ylmy-taslama işlerini hödürlediler. Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary bu halkara taslama bäsleşiginde öz ýiti zehinlerini görkezip, emin agzalarynyň ýokary bahalaryna mynasyp bolmagy başardylar. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň fizika mugallymy Toýly Gurbanowyň ýolbaşçylygynda wekilçilik eden türkmen topary üstünlikli çykyş edip, 3 bürünç medal gazanyp, Watanymyza hoş habar bilen dolanyp geldiler.
Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Gerçek Batyrow «V-EX» atly adamy ýangyndan we suwdan goraýan roboty, Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ahmet Amanow «TELPEXROBOT» atly islendik jisimleri we adamy ýangyndan goraýan roboty, şeýle hem Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Islam Muhamedjanow «COMBINED SOLAR DISTILLER» atly suw arassalaýjy filtri (desgasy) bilen çykyş edip, ýeňiş gazanmagy başardylar. Ýeňiji bolan ukyply ýaşlarymyz geljekde hem öz taslama işlerini has-da kämilleşdirip, halkara bäsleşiklerine gatnaşmagy hem-de robotlary durmuşa ornaşdyrmagy meýilleşdirýärler. Goý, mundan beýläk-de zehinli ýaşlarymyza üstünlikler ýar bolsun!
Çaryguly HANJAÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
“Nesil” gazeti,
06.07.2019ý.