Şu günler tutuş ýurdumyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk şanly toýuny giňden we dabaraly bellemäge taýýarlyk görülýär. Bu şanly sene mynasybetli geçiriljek giň möçberli çäreleriň hatarynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi aýratyn orun eýeleýär. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher we Esenguly etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň ähmiýeti, onuň gün tertibinde garaljak wezipeler hem-de onuň jemgyýetçilik-syýasy ösüşindäki orny barada giňişleýin gürrüň etdiler. Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleri hakynda belläp geçdiler.
Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzda döwlet gurluşynyň demokratik esaslarda kämilleşdirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Halkyň agzybirliginiň we bitewüliginiň dabaralanmasydyr.
Ýurdumyza bagtyýar zamanany, halkymyza asuda, abadan durmuşy peşgeş beren, döwletimiziň ösüş ýolunda beýik başlangyçlary esaslandyran Gahryman Arkadagymyza, ýurdumyzyň ösüş ýoluny üstünlikli mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.
Maýagül GARAJAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.