GARAŞSYZ WATANYMYZDA PARAHATÇYLYGYŇ WE HALK MASLAHATYNYŇ ROWAÇLANMAGY

Älemi haýrana goýýan özgerişleriň, bedew batly ösüşleriň şöhratly zamanynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwrebap başlangyçlary esasynda gazanylýan ýokary netijeler, ýurdumyzyň täze taryhynyň altyn sahypalaryny zer setirleri bilen bezeýär.

Garaşsyzlygyň gymmatyna elmydama ünsi çekýän Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyzlyk bahasyna ýetip bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr» diýip, ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz Diýarynyň berkarar edilmegi bilen ýetilen beýik sepgitleriň, bitirilen  il-ýurt bähbitli tutumly işleriň ummasyzdygyny belläp geçýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda üstümizdäki ýylyň sentýabr aýynyň 15-ne Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahaty mynasybetli “Garaşsyz Watanymyzda parahatçylygyň we Halk Maslahatynyň rowaçlanmagy” atly döredijilik sergisi açyldy. Sergä şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşleri boýunça hünärlerini açyp görkezýän çeper eserler çözgütleri we kämilligi bilen tapawutlanýar. Ajaýyp çeperçilik eserler türkmen medeniýetiniň ösüşini, däpleriň we täzelikleriň sazlaşygyny görkezýär.

Sergide ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän ajaýyp nakgaş we grafiki eserleri, zergärçilik önümleri, ajaýyp şekilli halylary uly orun alýar. Şeýle ajaýyp zamanamyzda milli şekillendiriş sungatymyzy öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. 

Annagül BAGTYÝAROWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

 sungaty öwreniş kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar