Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ylym-bilim we döredijilik mümkinçilikleriniň ösüş derejesi bu ulgama ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen has-da tapawutlanýar. Watanymyzyň geljegi hasaplanylýan ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy durmuşa geçirilýär.
Dünýäniň häzirki zaman ösüşinde ösen döwletler bilen deň derejede gadam urmak üçin ylym-bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi, halkara tejribesiniň iň soňky gazananlarynyň milli tejribe bilen sazlaşykda ornaşdyrylmagy möhüm bolup durýar. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň hatarynda sanly bilimiň durmuş-ykdysady ulgamda eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygy aýratyn bellärliklidir.
Bu günki gün sanly bilim ulgamy diňe bir bilim bermek işinde ulanylman, eýsem, oňa gatnaşyjylaryň hemmetaraplaýyn ösmegine hem täsir edýär. Birinjiden, bu ulgamdan kämil baş çykarmak üçin häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny bilmek zerur bolup durýar. Ikinjiden, daş aralykdan bilim almak arkaly öz-özüňe gözegçilik etmek endigine eýe bolmak, şeýle hem bu ulgamyň esasy gurallarynyň biri bolan elektron okuw arkaly ähli dersler boýunça taýýarlanylan döwrebap okuw-usuly toplumlaryndan peýdalanyp, bilim almak mümkinçiligini açýar. Mundan başga-da, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Häzirki döwrüň okuw serişdeleri bilen üpjünçilik we olary ulanmak baradaky täzelikleriň hatarynda okuw kitaplary we beýleki okuw-usuly serişdeleriniň elektron göterijide taýýarlanýandygyny, ýagny ýokary bilim ojaklarynda sanly ulgam üçin döredilen bilim portallarynda okuw maglumatlaryny özünde jemleýän zerur serişdeleriň ýerleşdirilýändigini aýratyn nygtamak bolar.
Sanly ykdysadyýete geçmek üçin, ilkinji nobatda, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi zerur bolup durýar. Ýurdumyzda bilim berlişiniň hil derejesini ýokarlandyrmakda kompýuterleriň, multimediýa enjamlarynyň we beýleki maglumat tehnologiýalarynyň, sanly ulgamyň döwrebap enjamlarynyň işledilişiniň dünýä tejribesiniň öwrenilmegi, okuw mekdepleriniň innowasion ulgamynyň ösüşi ählitaraplaýyn ileri tutulýar.
Umuman, döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda jemgyýetiň döwrebap ösüşiniň hereketlendiriji güýji bolan ylym-bilim dünýä tejribesi bilen sazlaşykda netijeli ösdürilýär, ylym-bilime höwesli ýaşlara döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär. Bularyň ählisi halkymyzyň abadançylygyny, kämil ösüşini üpjün etmekde hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer tagallalarynyň miwesidir.
Aýgözel ANNADURDYÝEWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetiniň mugallymy