SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap merkezi kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Sakarçäge etrap merkezi kitaphanasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli “Halkym alkyş aýdýar” atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Sakarçäge etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Selbinýaz Geldiýewa, etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gülbahar Mämmedowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Owadan Atdaýewa hem-de etrap Geňeşiň esasy hünärmeni Çynar Hoşgeldiýewa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaphana işiniň döwrebap guralmagyna, kitap gorunyň has-da baýlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy belent sepgitlere ýetirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Selbinýaz GELDIÝEWA,

Sakarçäge etrap Merkezi kitaphanasynyň direktory,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

23 Sentýabr 2025 | 21 okalan

GARAŞSYZLYK — KÖŇÜLLERIŇ KELAMY

23 Sentýabr 2025 | 17 okalan

SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI