ABU ALY IBN SINA

Lukman, alym, filosof we şahyr Abu Aly al-Hüseýin ibn Abdullah ibn al-Hasan ibn Ali ibn Sina (Günbatarda Awisenna diýlip tanalýar) şöhratly taryhymyzyň görnükli şahsyýetleriniň biridir. Ol çagalykdan örän zehinli bolupdyr, köp kitaplary okapdyr. 15 ýaşynda özbaşdak okap başlap, 18 ýaşynda özüni kämillik ýaşyna ýeten alym hökmünde tanadypdyr. Ýaş alym Gürgençde “Mamunyň akademiýasynda” okuwyny dowam etdirip, şol ýerde köp sanly alymlar, danalar bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. Ol lukmançylykdan başga-da fizika, matematika, astronomiýa, pelsepe ugurlary bilen hem gyzyklanypdyr. Görnükli alym ömrüniň dowamynda 29 ugurdan 450 sany eser ýazypdyr, ýöne biziň günlerimize 240-sy gelip ýetipdir. Lukman Hekimiň işini dowam etdirijileriň biri hem Jürjany bolupdyr. Ol lukman alymyň ýazyp ýetişmedik ençeme ýazgylaryny dowam edipdir.

Ibn Sinanyň uly göwrümli eseriniň biri hem bäş kitapdan ybarat bolan “Tebipçilik ylmynyň kanuny” atly işidir. Onuň lukmançylyk hakdaky eserlerini Günbataryň we Gündogaryň alymlary öz işlerinde peýdalanypdyrlar. Şeýle hem onuň “Şypalar kitaby” atly ensiklopediki eseri filosofik düşünjeleri, pelsepe we ylmyň dürli ugurlary boýunça baý maglumatlary öz içine alýar.

Abu Aly ibn Sina beýik zehini, ylyma bolan çäksiz söýgüsi we adamzat üçin bitiren işleri bilen dünýä taryhynyň iň beýik alymlarynyň hatarynda orun aldy. Onuň ýadygärligine diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýäniň köp ýurtlarynda hem heýkeller guruldy. Şeýle-de onuň ömri we döredijiligi diňe bir kitaplarda beýan edilmän, kinolarda-da janlandyryldy. Onuň döredijilik mirasy we lukmançylyk hakdaky eserleri, filosofiki pikirleri häzirki wagtda hem giňden peýdalanylýar.

Atajan JORAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

23 Sentýabr 2025 | 63 okalan

ABU ALY IBN SINA