TÜRKMENISTAN — SPORTUŇ WE ÜSTÜNLIKLERIŇ ÝURDY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sporty ösdürmek we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sportuň ähli ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen dünýäde tanalýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sportuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, döwrebap sport desgalarynyň bina edilmegine uly ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzda Olimpiýa şäherçesiniň, welaýatlarda we etraplarda sport merkezleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmegine, olaryň halkara ýaryşlarynda üstünlik gazanmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.

Sport diňe bir beden taýdan sagdynlygy üpjün etmän, eýsem ýaş nesliň ruhubelentligini, watançylyk duýgusyny hem ösdürýär.

Türkmen türgenleriniň dürli halkara ýaryşlarynda, dünýä we Aziýa çempionatlarynda, Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, atly sport, küşt, agyr atletika, gimnastika, suwda ýüzmek, sambo ýaly sport görnüşlerinde gazanýan üstünlikleri ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende göterýär.

Sport diňe bir ýeňiş gazanmagyň däl, eýsem dostluk we parahatçylyk gymmatlyklaryny ösdürmegiň ýoludyr. Türkmenistanda geçirilýän halkara ýaryşlar döwletimiziň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekdäki ynamly ädimleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Sportda gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň ösüş ýolundaky beýik üstünlikleriniň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halkynyň sporta bolan söýgüsi, ýaşlaryň başarjaňlygy we döwletimiziň sporty ösdürmäge döredýän mümkinçilikleri ýurdumyzyň sport ýeňişleriniň geljekde has-da artmagyna ýol açýar.

Orazgeldi ATAHALLYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň baş buhgalteri.

Meňzeş habarlar