Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň täze ýylda ilkinji mejlisini geçirdi. Indi birnäçe ýyl bäri ýurdumyz halkara çärelerine işjeň gatnaşýar. Ynha, mejlisde hem bu babatda ýene bir ýola bellendi. Bütindünýä «EKSPO — 2020» sergisine görülýän taýýarlyk we oňa Türkmenistanyň gatnaşjakdygy aýdyldy. Sergi 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy apreline çenli «Paýhaslary birleşdirip, geljegi gurýarys» şygary astynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriler.
Hoş habarlaryň yzy üzülmeýşi ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy meýilleşdirilýän «Türkmengaz» döwlet konserniniň işläp taýýarlan Sergiler merkeziniň binalar toplumynyň taslamasy barada hem habar berildi. Şeýle-de Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynda «Türkmenaýnaönümleri» kärhanasynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.
Mejlisde internet ulgamyny giňeltmek, ulag toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, Türkmenistanyň Mejlisiniň 6-njy çagyrylyşyna deputatlaryň, halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelerede seredildi.
Döwletimiziň daşary syýasatdaky halkara gatnaşyklary barha ýygjamlaşýar. Şunlukda, Yslamabatda türkmen-pakistan daşary syýasat geňeşmeleriň geçiriljekdigi, duşuşygyň gün tertibine döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek, ikitaraplaýyn Hökümetara toparynyň işi bilen baglanyşykly meseleler giriziljekdigi barada habar berildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň we beýleki bilelikdäki gurluşyklaryň taslamalaryny, hususan-da, elektroenergetika, ulag hem-de aragatnaşyk ugurlaryndaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berler.
Ýurdumyzyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Birleşiginiň Musulman Zenan Deputatlarynyň VII maslahatyna hem-de şu halkara düzümiň Eýranda geçiriljek 13-nji mejlisine gatnaşar.
24-nji ýanwardan paýtagtymyzda badalga aljak Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň maksatnamasynda sungat ussatlarynyň konserti, sergiler, kino görkezilişi we döredijilik işgärleriniň duşuşygy bar.
Sportuň hak Howandary döwlet Baştutanymyzyň sport babatdaky başlangyçlary bu ýyl hem uly rowaçlyklara beslenýär.
Geçen hepdäniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallini, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti döredildi. Bu bolsa ýurdumyzda halkara derejesindäki sportuň has-da ösmegine nobatdaky itergi boldy.
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy we häkimlikleriň guramaçylyk meselelerine garaldy.
Şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi. 2017-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi hem-de bu düzümleriň öňünde durýan wajyp wezipeler kesgitlendi. Milli Liderimiz serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak, Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmak barada alada ediljekdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz dikuçarda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýeri bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz Türkmenabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy barada aýdyp, Amuldan Hazara çenli aralygy öz içine alýan bu ýoluň «Beýik Ýüpek ýoly» diýlip atlandyrylmagy baradaky başlangyjy öňe sürdi.
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýy geçirildi we döwlet durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde, bu syýasy guramanyň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy.
Umuman, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny has aýdyňlygy bilen görkezdi.
“Nesil” gazeti,
16.01.2018ý.












