Bilşimiz ýaly, Türkmenistan dünýäniň ençeme halkara guramalary bilen özara berk gatnaşyklary ýola goýýar. Şol sanda iri halkara guramalaryň biri bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklaryny has-da ösdürýär. BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça düzümi bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Ýurdumyzda ýerleşýän türkmen halkynyň taryhy galalarynyň, medeni gymmatlyklarynyň we taryhy-medeni ýadygärlikleriniň ençemesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa türkmen halkynyň baý medeni mirasyny dünýä derejesinde tanatmakda uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem ÝUNESKO bilen bilim, ylym, ekologiýa, sport boýunça hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin bilelikde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ekologiýa we durnukly ösüş boýunça ÝUNESKO-nyň maksatnamalaryna türkmen alymlarynyň işjeň gatnaşmagy dünýä ylmy bilen arabaglanyşygy güýçlendirýär. Ýurdumyz bilen ÝUNESKO-nyň ýakyn hyzmatdaşlygynyň esasynda medeni mirasymyzy we tebigatymyzy gorap saklamak ugrunda uly işler alnyp barylýar.
Türkmen halkyny ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Güljan DÖWRANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.