Şu gün Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygym — baş baýlygym» ady bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda geçirilen bu duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Beýzaly Ataýew, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Alparslan Baýramow, Arkadag şäheriniň Tiz kömek merkeziniň şepagat uýasy, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Şirin Tejenowa, Arkadag şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň arassaçylyk gigiýena bölüminiň jemagat gigiýena bölümçesiniň sanitar lukmanynyň kömekçisi Şirin Tekäýewa hem-de Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby Ogulbaýram Annamuhammedowa dagy çykyş etdiler.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli beýan edilen buýsançly söhbetlerde alym hem lukman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ynsan saglygyny goramak, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan netijeli işler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza il saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüp, bu ugurda amala aşyrýan ägirt uly özgertmeleri üçin alkyş sözleri aýdyldy.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.