Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda Türki medeniýetiniň we mirasynyň gaznasy tarapyndan taýýarlanan Magtymguly Pyragynyň «Aşyk bolmuşam» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hem-de Azerbaýjandaky Milli Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky edebiýat institutynyň bölüm müdiriniň dabaraly çykyşlaryna tomaşa edildi. Çykyşlarda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň tutýan orny, onuň pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp şygyrlarynyň ähmiýeti barada durlup geçildi.
Kitabyň iki dilde, ýagny türkmen we azerbaýjan dillerinde terjime edilmegi, diňe bir türkmen halkymyz üçin däl-de, eýsem Azerbaýjan halkynyň giň okyjylar köpçüligi üçin hem bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp sowgatlaryň biri boldy. Bu kitapda beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň jemi 132 sany çuň manyly goşgulary ýerleşdirilen, kitabyň ilkinji sahypalary bolsa Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» atly türkmen halkynyň agzybirligi, jebisligi ugrunda nygtalýan goşgusy bilen başlanýar.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde şeýle ajaýyp kitaplaryň halkymyza sowgat edilmegine buýsanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistan ýurdumyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň mundan beýläk-de barha ösmegini arzuw edip, tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.
Hajar KAKAJANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.