Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamyny has-da ösdürmek üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Milli bilim ulgamynyň işini döwrebap guramak üçin ýurdumyzda bilim syýasaty bilen bagly maksatnamalar, konsepsiýalar üstünlikli ýerine ýetirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär, bilim bermegiň innowasion usullary, sanly bilim tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Dersler boýunça häzirki zaman elektron okuw-usuly toplumlary, interaktiw-multimediýa programmalary, maglumat kitapçalary, bilim portallary we beýlekiler işlenip taýýarlanylýar. Durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde ata-babalarymyzyň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ýörelgelerine eýerýän, giň dünýägaraýyşly, sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýaş hünärmenler kemala gelýär.
Arzuwlaryň hasyl bolýan türkmen döwletinde ýagty geljegi, ajaýyp durmuşy peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ýurt bähbitli tutumly işleri mydama rowaç bolsun!
Ogulsapar JORAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiňesasy hünärmeni.