TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HYZMATDAŞLYGY

GAZANYLAN ÜSTÜNLIKLER WE MÜMKINÇILIKLER

Şu ýyl ýurdumyz dünýä bileleşigi bilen bilelikde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny giňden belläp geçer. Bu halkymyz üçin, hakykatdan-da, möhüm waka, türkmen döwletiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak sene, ýurdumyzyň daşary syýasatyndaky ýetilen belent sepgitdir. Ine, şeýle gysga döwrüň içinde Türkmenistan hoşniýetli bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, halkara giňişliginde dünýä döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli, geljegi uly bolan hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Häzirki döwürde hem ýurdumyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tarapdary bolmak bilen, halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary öňe sürýär hem-de olary durmuşa geçirýär. Iş ýüzünde amala aşyrylýan şeýle daşary syýasat netijesinde ýurdumyz dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeldýär we ösdürýär.

Häzirki wagtda Hazar deňziniň sebitinde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýan ygtybarly hyzmatdaşlarymyzyň biri hem Azerbaýjan Respublikasydyr. Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň örüsi has-da giňedi. Muňa Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşyklary aýdyň şaýatlyk edýär. Geçirilýän şeýle duşuşyklaryň çäklerinde iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren möhüm hökümetara ylalaşyklarynyň birnäçesine we beýleki resminamalara gol çekildi. Şeýle hem 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen birinji Hazar ykdysady forumy bu döwletleriň arasyndaky ykdysady gepleşiklere täze öwüşgin çaýdy. Bulardan başga-da, bu ugurda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň mejlisleri yzygiderli geçirilýär. Şol mejlislerde söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga gönükdirilen birnäçe anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşylýar. Şunda eksport-import amallarynyň artdyrylmagynyň, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşleriniň giňeldilmeginiň hem-de iki ýurduň ykdysady düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen goşmaça çäreleri kabul etmegiň zerurdygy aýratyn nygtalýar.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Türkmenistan we Azerbaýjan Respublikasy uglewodorod çig mallarynyň ägirt uly gorlaryna hem-de häzirki zaman pudaklaýyn düzüm böleklere eýe bolmak bilen, energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak ugrunda çykyş edýär. Munuň özi taraplar üçin bu ulgamda netijeli özara gatnaşyklary ösdürmekde giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle mümkinçilikleriň hatarynda «Hazarüsti» gaz geçirijisiniň taslamasyny görkezmek bolar. Bu gaz geçiriji Türkmenistandan tebigy gazy Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ibermek üçin niýetlenendir. Taslama Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazaryň düýbünden uzynlygy 300 kilometr bolan gaz geçirijisini çekmek bilen amala aşyrylar. «Hazarüsti» gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi bilen Türkmenistan we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynyň gerimi giňär. Görnüşi ýaly, iki döwletiň arasynda bu babatda hyzmatdaşlyk etmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Hazar deňzinde iki ýurduň çäk taýdan goňşy bolmagy Ýewropa we Aziýa yklymlaryny birleşdirýän ulag-üstaşyr geçelgelerini emele getirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde tagallalary utgaşdyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Hususan-da, iki ýurduň deňiz portlarynyň arasynda awtomobil-parom we demir ýol-parom gatnaşyklaryny ösdürmek möhümdir. Ýewropa çykalgaly Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lazurit) halkara ulag geçelgesiniň ähmiýeti bu ugurda hyzmatdaşlyk etmekde aýratyn bellärliklidir. Bu geçelge Merkezi we Günorta Aziýanyň, Hazaryň we Gara deňziň ýakalarynyň, Ortaýer deňziniň sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Bulardan başga-da, dostlukly iki ýurduň arasynda oba hojalygy we senagat ulgamynda, hususy telekeçilik işi ugurlarynda hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen birlikde, ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, ylym, bilim, medeniýet, şeýle hem sport we syýahatçylyk pudaklarynda netijeli gatnaşyklary höweslendirmek, türkmen-azerbaýjan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda bilelikdäki çäreleriň giň toplumy durmuşa geçirilýär.

Şeýlelikde, iş ýüzünde amala aşyrylýan şeýle hyzmatdaşlyk iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da berkemegine, aýratyn hem, söwda-ykdysady, ylym-bilim we medeni-ynsanperwer ugurlarda täze mümkinçilikleriň açylmagyna şert döreder.

Jumamyrat GUTLYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

“Nesil” gazeti,

11.03.2020ý.

 

Meňzeş habarlar

25 Sentýabr 2025 | 51 okalan

HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BINÝADY

23 Sentýabr 2025 | 130 okalan

ABU ALY IBN SINA