Goja Zemine ýaz geldi, meýdan gül-pürçüge beslendi. Baýyrlar ýaşyl donuny geýip, depe-düzler gyzyl güläleklerden ýaňa, elwan haly ýazylan ýaly boldy. Şeýle bir owadan güller açylypdyr, jümle-jahan durşuna gülälek. Giň jahan gülleriň, şabrap ýagan ýagşyň ysyndan ýaňa bark urup dur. Meýdanyň arassa howasy keýpiňi göterýär. Ýaşyl begrese bürenen baglardan gözüňi aýrybilmän synlap durşuňa, pyşyrdanyňy duýman galýarsyň: «Ýaşyl şahalarda ýaşaýşyň, bakylygyň reňki bar-a. Gör-ä, baharyň Zemini gülzarlyga, göwnümizi ýaza öwräýşini! Megerem, bahar paslynyň güller bilen gelşini, ilki bilen, ene ýer duýýandyr. Sebäbi mylaýym ýelleri, gökje otlary, mahmal bägülleri ilki bagryna basýan toprak. Edil eneleriň perzendini bagryna basyp, ezizleýşi ýaly. Eneleriň mähremligi bilen ene ýeriň ynsana eçilýän yhlasynyň arasynda bir ýakynlyg-a bar. Ýogsa, eneleri ene ýere meňzetmezdiler. Bereketli topraga «ene toprak» diýilmegem, belki, şondandyr.
Ene perzendini dünýä inderip, ýaşaýşa ýagşylyk eçilýär. Nesiller köpelip, dowamat zynjyr kimin düzülýär. Ene ýer bolsa töweregi güller bilen bezäp, gözellik döredýär. Baglar ynsanyň üstüne saýa salyp, daglar haýbaty bilen beýik saýylýar. Arçasy, kerkawy, boz jerenleri bilen göwünlere telwas berýär. Bulutlar, ýaz damjalary ene topraga atygsap, melhem bolup inýär. Ýumşan toprak bolsa barlyk eçilmäge howlugýar. Dag ysmanagy, baýyrlaryň domalanlary, akja kömelekler, dürli dermanlyk ot-çöpler janlara şypa berýär. Enem: «Ana, garry mama asmanda depregini kakýar, ynha-da, ýagyş ýagyp başlar, basym öýe girmeseňiz, ezilersiňiz» diýerdi. Ýagyşdan soň, ýer gurardy. Biz dessine elimize kiçijik sebetlerimizi, ýantorbalarymyzy alyp, kömelek çöplemäge giderdik. Elimizdäki taýajygymyz bilen ýerleri dürtüşdirip görerdik. «Höwür-höwür» diýseňiz, basym tapylar, ýogsa bir özi çykman oturar» diýip, enem bize kömelek çöplände aýdylmaly sözleri öwrederdi. Biziň herimiz bir tarapa dagasak-da, şol bir sözi gaýtalardyk: «Höwür-höwür». Birden birimiz kömelegiň üstünden baraýsak, begençli gygyrardyk: «Geliň, kömelek tapdym». Gyzlaryň ählisi diýen ýaly ylgap gelerdiler. Güberilip duran topragy açmaga howlugardyk. «Telpegini goparaýmaly» diýen ätiýaç bilen ululara garaşardyk. Goňşymyz Aýjemal daýza bilen kömelek çöplemäge gitmek diýseň hezildi. Ol gyzykly wakalary gürrüň bererdi. Ol usullyk bilen topragy çalaja açyşdyrardy. «Gelinkömelek tapypsyňyz, gelinkömelek» diýerdi. Biz ol wagt kömelekleri aýyl-saýyl ederden has kiçidik. Ýumşan toprakda kömelek kän bolardy. Çöpläp hezil ederdik.
Öýümize golaýlaşdygymyzça, duldegşir oturan öýlerden datly kömelekli gutabyň bark urýan ysy gelerdi. Getiren kömeleklerimizi gören ejem başymyzy sypap, berekellamyzy ýetirerdi. Käbirimiziň ejemiz ojagyň başynda ot ýakyp köz edýändir. Kimler bolsa başga nygmata höwesek. Biz kömelegi köze gömüp iýmegi halardyk. Gelnejem getiren kömeleklerimizi dessine arassalap, duzlap, kagyza dolap, oda gömerdi. Kömelegiň suwy jyzyrdap köze akardy. Ejemdir gelnejemiň biziň islegimizi ýerine düşürjek bolup, alada bilen gurşalyşy ýadyma düşende, ene kalbynyň derýa ýaly giňligi hakda oýlanýan. Ejem ilki kömelegi oňat edip arassalardy. Soňra ýuwup, ownujak dogrardy. Sogan bilen içýag garylan kömelekli gutap has tagamly bolýar, duzy, burçy ýetirilende-hä, hasam. Ejem soňra gutabyň hamyryny ýugrardy. Enemden galan agaç tabakda hamyr ýugurmagy diýseň halardy. Uny eläp, tabaga goşawuçlap guýardy. Aýratyn bir tabaga duzy atyp erederdi. Ejem çöreklik hamyr ýugranda mydama ýanynda oturyp, suwuny guýup bererdim. Ol hamyry ýugrup, ýumruklamaga durardy. Soňra biraz demine goýardy. Ejem hamyry ýaýyp, üstüne kömelegi endigan ýaýradardy. Saçda gury bişirilen gutap diýseň süýji bolardy. Ejem çala ýag aýlap, gutaplary şeýle süýji bişirerdi welin, tagamy enteklerem ýadymdan çykmaýar. Ejemiň kömelekli gutaplaryny mydam küýsäp gezýärin. Ylaýta-da, ýaz gelip, meýdana kömelek düşende, baý, küýsemek küýseýän-ä.
Gelinkömelek barada bolsa, aýratyn bir oý-pikire batýaryn. Halkymyzyň gelin-gyzlaryny, zenanlaryny arzylaýşyna haýran galýaryn. Dünýäniň iň owadan tebigat gözellikleri zenanlaryňky. Ýazyň ilkinji nygmaty bolan gelinkömelekden bir zat taýynlasam, ony uzak wagtlap synlaýaryn. «Näme üçin gelinkömelek diýildikä?» diýýärin. Olaryň arasynda bir baglanyşyk bar bolmaly. Edepli, akylly, sylagly gelin bilen. Şeýle gelin oňat maşgalada terbiýelenýär. Ululary sylaýar, kiçileri söýgüleýär. Aşhananyň päkizeligi, gap-gaçlaryň ýerbe-ýerligi, kendirigiň, saçagyň, tamdyryň, ojagyň arassaçylygy onuň gözünde bolýar. Myhmana güler ýüz bilen hyzmat edýär. Diňe zenanlara mahsus asyllylyk, päkizelik, göwnaçyklyk bilen hormat gazanýar. Şeýle terbiýe berlen gyzyň baran ýeri uly hazyna eýe bolan ýalydyr.
Täze gelin gaýyn öýüne hem yhlas bilen hyzmat edýär. Gaýynata, gaýynene, gaýynaga, eltiler, baldyzlar, ýüwürjiler onuň üçin iň ýakyn adamlar. Şeýle gelin islendik işde hyzmata gaýym bolup durandyr. Asyl, onuň geýnişiniň, bezenişiniň özi nusgadyr. Ol sylaýany hem synlaýany bilipjik durandyr. Şol sebäpli-de, elmydama özüne diýseň eserdeň çemeleşer. Saçy, ýüzi, egin-eşigi elmydama toýa gitjek ýaly bezelendir. Göreni gowulyk, edeni ýagşylyk bolan gelin gelensoň, ol hemmelere-de ýaraýar. Maşgalada özüni aldyrar. Onuň hyzmatyndan hoşal bolup öwseler, bildirmänjik ýylgyrar. Diňe gözleriniň şatlygy ony buşlar. Sebäbi onuň agzy ýaşmaklyja. Ýaşmagyny ýaşynyşy hem tarypa mynasypdyr. Ak alkymyny hem öýmesiniň çowy bilen ýapyp, aramaram düzedişdirer. Erkek kişileriň sesi eşidiläýse dagy, has çuslanyp, gaýynenesi bilen hem ýaşmak astyndan pyşyrdap, ýuwaşja gürleşer. Gelniň şeýle asylly gylyk-häsiýeti ony meşhur eden bolmaly. «Gelinkömelek» onuň mysaly. Üns bilen synlasak, onuň, dogrudan hem, gelne ýakynlygy bar. Gelniň ýoldaşyna ýakyn durşy ýaly, gelinkömelegiň hem mydam ýany ýoldaşly. Şol sebäp bolandyr, ol gözlenende ýeke saýylmaýar. «Höwür-höwür» diýip, ýoldaşy hem gözlenýär.
Tebigat joşa gelip, sähra-düzlüklerde açylyp oturan çigildemlere gözüň düşende, ýüregiňi birenaýy duýgy gurşap alýar. Bahar pasly, gör, näçe gezek gelip, öz gül-gülälekli halysyny ýazyp aýyrdy. Sähra-düzlerde beýle gözelligi döredip bolmaz, bu tebigatyň ynsanlara eçilen peşgeşi. Ynsan eli bilen döredip bolmajak gözelligi tebigat öz goýnunda döredýär. Gülleriň içinde göze ilýän elwan gülälekler birgeňsi lowurdaýar. Ylla diýersiň, giň meýdana, tämiz topraga haly düşelen ýaly. Bahar paslynyň hoştap howasyna tämizlik berip, çalajadan sepeläp ýagýan ýagyş tebigaty has-da gözel keşbe getirýär. Ol ýagyş aýnamyzy kakyp dur. Ýaz ýagşy baharyň durnalaryň gerdeninde uzak-uzak ülkelerden gelip, baky juwan topragymyzda düşländigini buşlaýar. Ynsan kalbyny heýjana salýan bu pasyl, gör, indi näçenji gezek gülli öýmesini baýyrlaryň üstüne ýazýar.
Hawa, ýaz älem-jahana ýyly demini ýaýratdy. Ýagyş getirdi, gül bitirdi, baýyrlary ýaşyl mahmala büredi. Älem-jahany suw-sil edip ýagyş ýagýar. Birsalymdan Gün ýalbyrap çykar-da, oba çagalaryny kömelek çöplemäge çagyrar. Olar edil biz ýaly, eline sebedini ýa-da ýantorbasyny alyp, kömelek çöplemäge giderler.
Boz toprak olara gelinkömelekleri sowgat eçiler. Şeýdip ýaşlyk, juwanlyk gaýtalanar. Gelinlik arzuwlanar. Eneleriň ogullarynyň ýetişeni ýadyna düşüp, gelinlik gözlener...
Ýazgül ANNAÝEWA,
žurnalist.
“Nesil” gazeti,
29.02.2020ý.