Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Türkmenbaşy şäheriniň 2-nji orta mekdebinde ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýaşlarda watansöýüjilik duýgusyny ösdürmek, jemgyýetçilik düzgün-tertibine berjaý etmek, ýaramaz endiklerden daşda durmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek dogrusynda täsirli çykyş etdiler.
Duşuşyga gatnaşanlar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, halal zähmet çekmegi üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gültäç ALYHANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.