BILIMLI ÝAŞLAR – WATAN DAÝANJY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga döwlet býujetinden ägirt uly serişdeler goýberilýär. Ýurdumyzda her ýyl döwrebap çagalar baglary, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär. Şol bilim edaralarynyň ählisi hem, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary, kompýuterler we okuw kitaplary bilen üpjün edilýär. Bu amal edilýän beýik işleriň ählisi, her bir türkmenistanlynyň syýasy, durmuş-ykdysady we ruhy taýdan döwrebap ösüşini we terbiýelenmegini şertlendirýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda her bir adamyň bilim almaga hukugynyň bardygy kesgitlenen. Ýurdumyzyň esasy Kanunynda berkidilen raýatlarymyzyň bilim almaga bolan hukuklarynyň doly derejede durmuşa geçirilmegi, ýaşlaryň biliminiň we hünär taýdan taýýarlygynyň dünýä derejesine çykarylmagy we ösdürilmegi Türkmenistan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşant goşýan zerur hünärmenleriň döremegine giň mümkinçilik berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda ýaşlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamy döredildi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak babatynda utgaşykly işler ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny, döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmäge, şeýle hem olarda belent ruhy-ahlak ýörelgeleriň emele gelmegine, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemäge uly itergi berdi.

Watansöýüji, ýokary ahlak sypatly, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine wepaly ýaşlary kemala getirmek döwletimiziň baş wezipeleriniň biridir. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, ýadawsyz zähmeti, döredijilikli, parasatly, ynsanperwer syýasaty bilen ýurdumyzda ýaşlar syýasaty döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Täze taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzda şöhratly geçmişimizi döwrebap dowam etdirip, şanly geljegimiziň eýeleri boljak ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn, päk ahlakly, hünärli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky syýasat gözbaşyny Konstitusiýamyzdan alyp gaýdýan, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna esaslanýar. Bu ugurda ýaşlaryň okamagy, terbiýe almagy, beden we ruhy taýdan ösmegi bilen bir hatarda, kesp-kär edinmegi, maşgala gurmaklary, ylymlar dünýäsine aralaşmaklary, telekeçilik bilen meşgullanmaklary, iş bilen üpjünçiligi kepillendirilýär. Umuman, her bir ynsanda bilimini artdyrmak, ylym öwrenmek we hünärli bolmak islegi bolup, bu arzuwyň hasyl bolmagyna hem-de ruhy taýdan kämilleşmegine ugrukdyrýan ilkinji ädim ylymlar dünýäsine bar zehin başarnygyň bilen tutanýerli aralaşmakdan başlanýar.

Ylymda, bilimde adamzadyň uzak taryhly geçmişi, bagtyýar şu güni hem-de nurana geljegi jemlenýär. Medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda, nebit-gaz, oba hojalygy, gurluşyk, energetika, himiýa we balyk hojalygy, ulag we aragatnaşyk, telekeçilik, söwda we dokma, ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamlarynda zähmet çekýän, harby we hukuk goraýjy edaralarynda gulluk edýän ýaşlaryň – zehinleri, başarnyklary, hünärleri we başlangyçlary, işjeňligi, jemgyýete zerur hünärleri ele almaga bolan höwesleri hem-de islegleri döwletimiz tarapyndan kanagatlandyrylýar. Ýurduň geljeginiň ýaşlar bilen baglydygy, olaryň ylymdan ýüküniň ýetik bolmagyna zerurlyk döredýär. Döwletiň dürli ulgamlarynda gazanylýan ösüşler, belent maksatly sepgitler ylyma daýananda, olaryň köki has-da çuňluklara ornaýar. Şonuň üçin hem, ýurdumyzda ylmy açyşlarda ýaş alymlaryň paýynyň bolmagy üçin oňyn mümkinçilikler döredilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahsy göreldesi ýaşlara diňe bir beden taýdan taplanmagy däl, eýsem öz erk-isleglerini pugtalandyrmaga, islendik çylşyrymly ýagdaýlary ýeňip geçmäge, okuwda, işde täze üstünlikleri gazanmakda erjel we tutanýerli bolmaga, saýlap alan hünärinde kämilleşmäge uly höwes döredýär. Biz ýaşlary okamaga, işlemäge, döretmäge ruhlandyrýan, türkmen halkyny nurana ertirlere ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli tutumlary üstünliklere beslensin!

Mährem BABAMYRADOWA,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 110 okalan

BILIMLI ÝAŞLAR – WATAN DAÝANJY

07 Noýabr 2025 | 75 okalan

ŞU GÜNE BUÝSANÇ, ERTIRE YNAM

07 Noýabr 2025 | 68 okalan

NARYŇ PEÝDASY BARADA