Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimizde ýaşlar barada uly aladalar edilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaşlarynyň jemgyýetçilik syýasy işjeňligi barha ýokarlanýar.
Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar guramasynyň gujur-gaýratly agzalarynyň, ýurdumyzyň watansöýüji, ylymly, bilimli, dörediji we gurujy ýaşlarynyň ählisiniň jemgyýetimizde durnuklylygy, bitewüligi pugtalandyrmaga işjeň gatnaşjakdyklaryna, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň belende göterilmeginiň bähbidine ak ýürekden, yhlasly zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn» diýen çuň manyly sözleri özlerine ýörelge edinen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaşlary watansöýüjilik, halallyk ruhunda terbiýelemek, olaryň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, kämil düşünjeli, maksada okgunly bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýär.
Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, ýaş ýetginjekleriň döredijilige, sungata bolan höwesini artdyrmaga, ýaşlary watansöýüjüligiň belent ruhunda, ýokary ahlakly, sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine wepaly, däp-dessurlarymyza, mirasymyza aýawly garamak ruhunda terbiýelemäge, ýaşlary bilimli, sowatly, syýasy aň-düşünjeli, edep-terbiýeli we beden taýdan has kämil hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetleri kemala getirmäge goşýan goşandymyzy, ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek biziň esasy wezipelerimiziň biridir. Her bir işe milli we umumadamzat gymmatlyklary nukdaýnazaryndan garaýan Gahryman Arkadagymyz ýaşlarymyzyň ählitaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegi we olaryň türkmeniň milletiniň ruhuna laýyk şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda nusgalyk görelde görkezýär. Ýaş raýatlaryň döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, şeýle hem olarda belent ruhy-ahlak ýörelgelerini kemala getirmek, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek işine möhüm ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar Ata Watanymyza, Halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr» diýip bellemegi, ýaşlaryň has hem Watanymyza bolan söýgüsi ýokarlandy. Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Oguljahan HAÝYDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
esasy hünärmeni.












