Gülläp ösüş — halkyň bagtyýarlygy

Döwlet syýasatynyň esasy ugry halkyň hal-ýagdaýy bolup durýar. Munuň üçin halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň mundan beýläk hem gowulandyrylmagy ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Onuň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiz 5-nji fewralda Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirende hem halkyň bähbidine edilen we edilmeli işler barada ýene bir ýola belläp geçdi. Maslahatyň başynda ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi, soňra öz nobatlarynda welaýat häkimleri göni aragatnaşyga çagyryldy. Ozal berlen tabşyryklar boýunça paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleri halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmakda, oba hojalykda, gurluşyk işleriniň alnyp barlyşynda şeýle hem öňde geçiriljek çäreleriň ýokary derejede bolmagynda görülýän taýýarlyk işleri boýunça hasabatlaryny berdiler.

Milli Liderimiz berlen hasabatlary diňläp, ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimine ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli görkezijiler boýunça nusgalyk şäher bolup durýandygyny we paýtagtymyzy abadanlaşdyrmakda, ýokary halkara ölçeglerine laýyklykda we bellenilen möhletlerde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça taslamalaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň möhümdigini belledi we anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz welaýatlarda alnyp barylýan işler babatda ýörite belliklerini aýtdy. Ahal welaýatynyň Bäherden, Sarahs etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy, Gumdag, Etrek etraplarynda, Lebap welaýatynyň Darganata, Farap, Saýat, Köýtendag etraplarynda, Mary welaýatynyň Wekilbazar, Garagum, Türkmengala, Serhetabat etraplarynda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň depginleriniň pesdigini belläp, hormatly Prezidentimiz emele gelen ýagdaýy tiz wagtda düzetmek boýunça zerur çäreleri görmegi talap etdi. Milli Liderimiz häkimlere etraplarda alnyp barylýan gurluşyklara, daýhan birleşiklerinde ekinlere ideg edilişine gözegçiligi yzygiderli ýola goýmagy tabşyrdy. Ekinleri suw, dökün we ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek meseleleri boýunça oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlygy hemişe üns merkezinde bolmalydyr diýip aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine, «Beýik Ýüpek ýoly» ugry boýunça geçiriljek welosipedli ýörişe we ylgaw ýaryşlaryna badalga bermek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, Lebap welaýatynyň häkimine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz häkimlere paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň ruhuna we talabyna laýyk gelmelidigini, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy. Halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň esasy ölçegi bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi we wideoşekilli iş maslahatyny tamamlady.

“Nesil” gazeti,

08.02.2018ý.

Meňzeş habarlar