ýaş nesli terbiýelemekde nusgalyk ýoldur.
Arkadag Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «Halk we Watan diýen beýik sözler ýaşlaryň dilleriniň senasy, baş şygary bolmalydyr». Munuň özi, halk, Watan diýen düşünjeleriň merdana pederlerimizden gözbaş alyp gaýdýandygyna, bu garaýyşlary beýiklige we ynsan ýörelgesine öwrüp, gymmatlyk hökmünde nesilden-nesle geçirip gelendiklerine göz ýetirmäge esas döredýär. Şunuň bilen birlikde, ýaşlarda Watana we halka wepalylyk häsiýetlerini terbiýelemäge, her bir ýaş raýatyň kalbynda bu gymmatlyklara päk ýürekden, arassa we halal gulluk etmek sypatlaryny kemala getirmäge borçly edýär. Şu nukdaýnazardan, ata Watana we halka wepaly bolup ýetişýän ýaşlar umumadamzat bähbitleri üçin jan aýamazaklygyň, zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezýärler. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň: «Eziz Watana söýgi, mertlik we edermenlik biziň halkymyzyň müňýyllyklardan gaýdýan parasatly wesýetleriniň gözbaşydyr» diýýän sözleriniň manysynda hem akyl ýetirmek bolýar. Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň watansöýüji nesiller bolmalydygyny belleýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň maksatlarynda: «Ýaş raýatlarda watançylyk, türkmen halkynyň taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhuny döretmek», kanunyň wezipelerinde «Türkmenistanyň ýaş raýatlaryny ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryna laýyklykda terbiýelemek», şeýle hem kanunyň ýörelgelerinde: «Ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, raýatlylygy, watansöýüjiligi, jogapkärçilikliligi, zähmete söýgini terbiýelemek», ýaly ýaşlaryň türkmen halkyna mahsus durmuş ýörelgesine öwrülen döwrebap kadalar orun tutýar. Bu kadalar ýaşlary eziz Diýarymyzyň ýokary depginli ösüşini üpjün etmekde hem-de ýaşlaryň durmuşa geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmaga we döredijilikli zähmet çekmäge has-da höweslendirýär.
Alym Arkadagymyz: «Ylym adamyň dünýägaraýşyny we durmuşyny özgerdýän, oňa täsir edýän hakyky baýlykdyr» diýip, ýaşlara öwüt-nesihat berýär. Umumadamzat ösüşiniň tejribesinden görnüşi ýaly, ýurdy dünýä derejesinde öňdebaryjy orunlara çykarýan ykdysady öňegidişlik we ösüş, ilkinji nobatda, ýaş nesle berilýän ylym-bilim ulgamy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan esaslandyrylan ylmy işleriň her ýylda geçirilýän döwlet bäsleşigi ýurdumyzda ylmy ösdürmeklige, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmeklige, ylmyň dürli ugurlary boýunça derňew işlerini guramaklyga, ylmyň ykdysadyýete goşýan goşandyny artdyrmaga gönükdirilendir. Alym Arkadagymyz ýaş alymlary ylmy işleri alyp barmaklyga höweslendirýär we ähli zerur şertleri döredýär. Bu bolsa ýaş alymlaryň kemala gelmegine ähli mümkinçilikleri açýar.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň watançy, zähmetsöýer, maksada okgunly, ýokary ahlakly we bagtyýar nesillerimiz okuwda, döredijilikli zähmetde öz ähli gujur-gaýratyny we başarnygyny, ukyp-zehinini berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etmelidir. Bu wezipe ýaş alymlarymyzyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr» diýmegi ýaş alymlary özleriniň alyp barýan ylmy işlerinde has-da netijeli işlemeklerine ruhlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar döwlet ähmiýetli, jogapkärçilikli wezipeleri ýerine ýetirmek bilen öz ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri alýarlar. Ýurduň durnukly we ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy üçin döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýär. Ýaşlaryň durmuş goraglylygyna, olaryň bilim derejeleriniň döwrebaplygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa ýaşlaryň her biriniň kalbyny ruhlandyrýar, şol bir wagtda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynda uly jogapkärçilik duýgusyny döredýär.
Ylym-bilim ulgamy bilen bir hatarda ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmeklige uly üns berilýär. Bu günki gün gözel paýtagtymyz Aşgabat sebitde uly sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrülýär. Sagdyn durmuş ýörelgesi ýurduň we jemgyýetiň ösüşinde möhüm ähmiýet eýeleýär. Sagdynlyk — ruhubelentligiň, üstünligiň we rowaçlygyň gözbaşydyr. Ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen giňden meşgullanmaklary üçin ähli amatlyklar döredilýär. Ýurdumyzda ilatyň ähli gatlaklaryny bedenterbiýä çekmäge, ösüp gelýän ýaş nesli köpçülikleýin sporta we halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen işler giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylykly derejede geçirilmegi, türkmen türgenleriniň gazanan ýeňişleri sporty ösdürmäge aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň netijesi boldy. Bu halkara sport baýramy eziz Diýarymyzyň at-abraýyny belende göterdi. Gurlup ulanylmaga berilýän sport toplumlary bolsa ýaşlarymyzyň sporta bolan höwesini has-da artdyrýar.
«Adamyň sarpasy we mertebesi onuň çekýän zähmetine görä kesgitlenýär. Şoňa görä-de, zähmetsöýerlik biziň halkymyzyň we jemgyýetimiziň, her bir maşgalanyň durmuş kadasy, abadançylygyň we bagtyýarlygyň girewi bolup durýar. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir adam bütin ömrüniň dowamynda yhlas bilen yzygiderli zähmet çekmelidir» diýip hormatly Prezidentimiz ýaşlara halkymyzyň hemişe halallygy, päkligi iň ajaýyp häsiýetleriň biri hasaplap gelýändigini nygtaýar. Zähmetsöýerlik, özgäni hormatlamak ýaly öwüt-ündewleri diňleýän adam halallyk, asyllylyk, sadalyk, salykatlylyk ýaly ynsan mertebesini belende göterýän iň gowy häsiýetlere eýedir. Her bir türkmen maşgalasy öz ýaşaýyş düzgün-tertibini adyllyk, halallyk bilen alyp baryp başgalara hem şol jähetden baha beripdir. Maşgaladaky agzybirlik, halallyk gatnaşyklary jemgyýetde esasy orun eýeläpdir. Kämil edep-ekram, ýagşy gylyk-häsiýet, päk ahlaklylyk ýaly ahlak gymmatlyklar hut şu çeşmeden gözbaş alýar. Ata-enäniň alyn deri, halal zähmeti, ýagşy gylyk-häsiýetleri perzentler üçin uly mekdep bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz: «Dogruçyl, akgöwünli, hoşniýetli, zähmetsöýer we watançy bolmak, goý, biziň ýaşlarymyzyň baş ýörelgesine öwrülsin!» diýip, her bir maşgalada terbiýelenýän we kemala gelýän ýaş nesliň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, adamkärçilik, dogruçyllyk ýaly ýol-ýörelgeler esasynda ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerini ündeýär. Türkmen halkynyň çaga terbiýesinde asylly däpleri bar. Ol terbiýeçilik usullary asyrlarboýy kämilleşen, durmuşyň synaglaryndan geçen gadymy däplerde öz beýanyny tapmak bilen, özboluşly milli mekdebi emele getirýär. Geçmişde türkmen halky öz nesliniň akylly, sagdyn, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer bolup ýetişmegine örän ünsli çemeleşipdir. Çagalara ýaşlykdan ulyny sylamak, kiçini hormatlamak ýaly gylyk-häsiýetler öwredilipdir. Şol endik-häsiýetler asyrlardan-asyra, nesilden-nesle geçip dowam edip gelýär.
Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde jemgyýetiň ruhy sütünini emele getirýän milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz, taryhymyz we edebiýatymyz uly orun tutýar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinde ýaşlaryň, umuman adamyň ýagşy gylyk-häsiýetleriniň waspy ýetirilip, adamlaryň erbet gylyklary ýazgarylýar. Berkarar Watan we arassa ahlaklylyk ugrunda giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirli we kämil endikli ýaş nesilleriň terbiýelenmeginde akyldar şahyryň döredijiliginiň möhüm ähmiýeti bar. Şahyryň şygyrlary ýaşlarda ýokary durmuş işjeňligini kemala getirmekde öz döwründe-de, biziň şu günki günlerimizde-de ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet, bagtyýar raýat baradaky arzuwlaryny hasyl etdi.
Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmekleri üçin ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwletli başlangyçlar, asylly işler hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimiziň ýaşlary hakynda edýän aladalarynyň netijesidir.
Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet we hukuk
institutynyň ylmy işgäri.
“Nesil” gazeti,
10.03.2018ý.












