Telekeçiler — ýurdumyzyň ygtybarly daýanjy

 Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşyň ähli ulgamlaryny gurşap alan özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetiň hususy bölegini goldamak işleri ileri tutulýan ugurlaryň derejesine çykaryldy. Ykdysadyýetiň bu böleginiň döwletiň üns merkezinden birjigem düşürilmeýändigine hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen geçiren taryhy duşuşygy şaýatlyk edýär.

Telekeçilik işjeňliginiň ýurdumyzyň ykdysady ösüşini durnuklaşdyrmakda möhüm ähmiýeti bardyr. Ol önümçiligi çeýe dolandyrmaga, täze tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny önümçilige tiz ornaşdyrmaga mümkinçilik döredýär. Telekeçilik ykdysadyýetde täze iş orunlaryny döretmäge, ykdysadyýetiň salgyt binýadyny giňeltmäge, importy çalyşýan we eksporta gönükdirilen önümçilikleri döretmäge itergi berýär. TSTB-niň döredilmeginden bäri geçen on ýylyň içinde bu birleşme ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň birine öwrülip, onuň düzüminde häzirki wagtda ýigrimi müňden gowrak hususy telekeçiler agza bolup durýarlar.

Arkadag Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 16-njy martynda ýurdumyzyň işewürler bileleşiginiň agzalary bilen geçiren duşuşygynda jemi içerki önümiň düzüminde ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz pudagynyň paýynyň ýangyç-energetika toplumyny hasaba almanyňda 62 göterimden ybarat bolandygyny, ýurdumyzda hususy kärhanalaryň umumy sanynyň bolsa 18 müňden hem geçýändigini, bu kärhanalaryň 150 müňe golaý adamy iş bilen üpjün edýändigini uly buýsanç bilen belläp geçdi. Şeýle gysga döwürde milli ykdysadyýetimizde hususy bölegiň paýynyň çalt depginler bilen artmagy, elbetde hormatly Prezidentimiziň telekeçilik babatynda amala aşyrýan öňdengörüjilikli we çuň manyly syýasaty netijesinde mümkindir.

Telekeçilik düzümlerine goldaw bermegiň wajyp ugurlarynyň biri hem olara kanunçylyk taýdan goldaw bermekdir. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän hukuk özgertmeleriniň baş maksatlarynyň biri-de ýurdumyzda telekeçilik işini alyp barmak üçin amatly şertleri döretmekden, işiň bu görnüşi bilen meşgullanýan taraplaryň kanuny bähbitlerini ygtybarly gorap saklamakdan ybaratdyr. Hut bu maksatlardan ugur alnyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň degişli maddasynda «Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini peýdalanmaga hukugy bardyr» diýlip kesgitlenendir. Bu kadanyň ýurdumyzyň Esasy kanunyna girizilmegi Watanymyzda telekeçilik işi bilen meşgullanmak üçin döwlet kepilliklerini döredýär.

Telekeçilik işiniň subýektlerini maliýe taýdan goldamak babatynda hem ýurdumyzda möhüm işler amala aşyrylýar. 2014-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna olaryň maldarçylygy, guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk, azyk we senagat önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek boýunça taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin, ýylda 1 göterimden ýokary bolmadyk şertde karz bermäge ygtyýar berildi. Döwlet serişdeleriniň hasabyna «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň üsti bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin ýyllyk 1 göterim bilen 5 ýyl ýeňillikli döwri bolan 20 ýyl möhlete 2 milliard 400 million amerikan dollaryna çenli, şeýle hem Lebap welaýatynyň Tübigatan kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin ýyllyk 3 göterim bilen 4 ýyl ýeňillikli döwri bolan 11 ýyl möhlete 600 million amerikan dollaryna çenli karz serişdeleriniň berilmegi barada Arkadag Prezidentimiz Kararlara gol çekdi. Döwlet tarapyndan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna şunuň ýaly ozal görlüp-eşidilmedik maliýe goldawlarynyň berilmegi ýurdumyzda güýçli, bäsdeşlige ukyply işewürligiň kemala getirilmegine, onuň ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Gahryman Prezidentimiziň tagallalary netijesinde berilýän goldawlara jogap hökmünde ýurdumyzyň telekeçi düzümleri hem milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini ýokary derejelere ýetirmäge öz goşantlaryny goşýarlar. Arkadag Prezidentimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen geçiren duşuşygynda bu birleşmäniň agzalarynyň milli ykdysadyýetimize 15 milliard 360 million manat möçberde maýa goýumlaryny goýandygyny nygtap geçdi.

Häzirki döwürde türkmen telekeçileri ýurdumyzda kabul edilen maýa goýum maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge ýokary işjeňlik bilen gatnaşýarlar. 2015-nji ýylyň maý aýynda kabul edilen «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça» hem-de «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça» maksatnamalaryň çäklerinde kärhanalary gurmak boýunça işleriň agramly bölegi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň paýyna düşýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat binalar toplumyny gurmak üçin Aşgabat şäherinde 8 gektar ýer bölegini hemişelik peýdalanmaga berilmegi bolsa, milli telekeçilerimiziň maýa goýum serişdelerini ýurdumyzyň ykdysadyýetine mundan beýläk hem goýmaga taýýardyklaryny subut edýär.

Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde milli telekeçilerimiziň amala aşyrýan işlerine hem ýokary baha bermek bolar. Ýurdumyzyň ilatynyň azyk harytlaryna bolan zerurlyklaryny üpjün etmek boýunça dürli hususy kärhanalar tarapyndan dünýä ülňülerine we ekologiki talaplara laýyk gelýän önümler öndürilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk azyk önümleriniň 63 göterimi hut hususy bölegiň paýyna düşýär.

Ýurdumyzyň dünýä hojalygyna goşulmagyna uly itergi berjek şeýle hem milli eksport mümkinçiliklerimizi artdyrmak boýunça TSTB-si tarapyndan uly işler amala aşyrylýar. Hususanda, eýýäm bu birleşmäniň wekilhanalary Hytaý Halk Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde we Awstriýa Respublikasynda hereket edýär. TSTB-niň başlangyjy boýunça Hytaýyň Sinin, Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek, Gruziýanyň Tbilisi we Owganystanyň Mazary-Şarif şäherlerinde söwda öýleri hem-de merkezleri açyldy.

Bu bolsa şeýle işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur özgertmelere esaslanýan her bir işiniň rowaçlyklara eýe bolýandygynyň kepilidir.

Nurýagdy AÝNAZAROW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

20.03.2018ý.

Meňzeş habarlar