TÜRKMEN — BELARUS GATNAŞYKLARYNDA TÄZE SAHYPA

Aşgabatda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleri geçirildi. Bu resmi saparyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Belarusuň Ilçihanasynyň döwrebap binalar toplumynyň, Lebap welaýatynda Garlyk  kaliý dag-magdan toplumynyň açylmagy netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýdyň mysalydyr.

 Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda ýola goýlan dostluk we işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha ösdürilýär we onuň täze mazmun bilen üsti ýetirilýär. Ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar. Ägirt uly senagat we serişde kuwwatlyklaryna eýe bolan taraplar ony durmuşa geçirmek ugrunda anyk çäreleri amala aşyrýar. Soňky 20 ýylyň dowamynda kuwwatly, iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň ykjam gatnaşygynyň ýola goýulmagyna ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryny özünde jemleýän şertnamalaýyn-hukuk binýat döredildi. 1993-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan başlap, Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda häzirki döwürde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ulgamdaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

 Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň oňyn ösüşe eýe bolýandygyny aýratyn bellemeli. Munuň özi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygynyň subutnamasydyr.

Belarus önümçiliginiň oba hojalyk tehnikalarynyň Türkmenistan tarapyndan köp ýyllaryň dowamynda satyn alynmagy, Aşgabatda we Minskide iki ýurduň Söwda öýleriniň açylmagy, şeýle hem Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Işewürlik geňeşiniň netijeli işi özara peýdaly esasda köpýyllyk tejribä daýanýandygyny we onuň täzeçil usulda ýola goýulýandygyny alamatlandyrýar.

Türkmen tarapynyň Aziýada iri kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň taslamasynyň gurluşygyny bäsleşigiň netijesi boýunça “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýetine ynanmagy uzakmöhletleýin gatnaşyklaryň aýratyn ynanyşmak häsiýetine eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Belarus hyzmatdaşlary bu möhüm senagat desgasynyň gurluşygynyň ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça boýun alan borçnamalaryna ygrarlydyklaryny tassykladylar. Bu toplumyň ykdysady taýdan bähbitli boljakdygy gürrüňsizdir.

Şunuň bilen baglylykda, medeni-gumanitar ugurlar boýunça ýola goýlan ynsanperwer gatnaşyklar ösdürilýär. Özara Medeniýet günleri yzygiderli guralýar.

Ylym-bilim we medeni ulgamyň hünärmenleri iki ýurtda guralýan halkara maslahatlara, sergilere we festiwallara çagyrylýar. Häzirki döwürde Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmenistanly talyp ýaşlaryň müňlerçesi bilim alýar.

Dostlukly döwletleriň gatnaşyklarynyň möhümdigini belläp, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko iri halkara guramalaryň we abraýly sebitleýin düzümleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we beýlekileriň çäklerinde amala aşyrylýan işleri utgaşdyrmagyň zerurdygyny yzygiderli belleýärler.

Türkmen tarapynyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň, aýratyn-da, ählumumy energetika howpsuzlygyna we ulag ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen teklipleriniň giň goldawa eýe bolmagy belarus hyzmatdaşlaryň özygtyýarly Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, işjeň hyzmatdaşlyk we ählumumy howpsuzlyk hem-de durnukly ösüş ulgamynyň saklanmagyny, berkidilmegini ugur edinýän syýasatyna hormat goýýandygyny äşgär edýär.

Umuman, ýola goýlan netijeli gatnaşykda dünýä syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlaryň meňzeşligi, şeýle hem Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň özara ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi döwlet ösüşiniň ýoluny kesgitlemek ýörelgeleriniň kämilleşdirilmegi ähli möhüm ugurlardaky gatnaşyklaryň has-da işjeňleşdirilmegini şertlendirýär.

Belarus Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň açylmagy türkmen-belarus gatnaşyklarynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar hem-de netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam eder. Bu tolumyň açylyş dabarasynda «Aşgabatda-da, Minskide-de Ilçihanalaryň işleri hemişe baş maksada hyzmat eder. Bu maksat iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrmakdan, özara bähbitli, netijeli işewür hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda munuň üçin hemme şertler we mümkinçilikler döredildi» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şeýlelikde, paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen türkmen-belarus duşuşygy we onuň jemleri boýunça kabul edilen ikitaraplaýyn resminamalar ählumumy rowaçlygyň bähbidine ösüşi işjeňleşdirmek maksady bilen ösdürilýän gatnaşyklara täze kuwwatly itergi berer.

“Nesil” gazeti,

01.04.2017ý.

Öňki makala

Talyp gözeli 2018

Meňzeş habarlar