Abadançylyk we rowaçlyk

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Ol harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ilkinji çärýeginde alyp baran işleriniň netijelerine bagyşlandy.

 Hormatly Prezidentimiz 3-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde şu ýylyň üç aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň işleriň ýagdaýy hem-de ozal berlen jogapkärli tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy baradaky hasabatlaryny diňledi.

 Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy düzümlerinde Ýaragly Güýçleriň umumy goranyş ukybyny we kuwwatyny berkitmek, şahsy düzümiň, ilkinji nobatda, beden taýdan taplanmagynyň hem-de gelip gowuşýan öňdebaryjy harby tehnikalaryň dürli görnüşlerine erk edip bilmekleriniň we dolandyrmagy kämilleşdirmekleriniň hasabyna söweşjeň we hünär taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler geçirilýär.

 Milli Liderimiz ýurdumyzda parahatçylygyň we durnuklylygyň daýanjy bolup durýan Milli Goşunymyzyň güýjüni we kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň örän wajypdygyny nygtap, uly möçberli harby özgertmeleriň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şol özgertmeler, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny we döwrebaplaşdyrylmagyny, harby işgärleriň söweşjeň we watançylyk taýýarlygyny hem-de harby gullukçylaryň gulluk etmegi hem-de doly bahaly dynç almagy üçin hemme şertleriň döredilmegini özünde jemleýär. Harby gullukçylaryň saglygyny berkitmäge, oňat beden taýýarlygyny we belent ruhuny saklamaga gönükdirilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriniň geçirilmeginiň zerurdygy bellenildi.

 Hormatly Prezidentimiz gadymdan bäri ýakyn goňşy ýurtlar hem-de olaryň halklary bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine sarpa goýulýan türkmen topragynda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmekde serhetçileriň bahasyna ýetip bolmajak goşant goşýandygyny belläp, döwletimiziň möhüm we jogapkärli wezipe ýüklenen gullugyň işini kämilleşdirmek meselelerine mundan beýläk-de hemişe üns berjekdigini nygtady.

 Soňra milli Liderimiz pyýada ýolagçylar we sürüjiler üçin zerur şertleri döretmekde ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygyna, olaryň netijeli peýdalanylyşyna möhüm ornuň degişlidigini belledi we bu ugurda öňde durýan wezipeleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy. Prokuratura edaralarynyň, ilkinji nobatda, kanunçylyk namalarynyň ähli kadalaryny we düzgünlerini berjaý etmäge gözegçiligi amala aşyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň kanun bozulmalarynyň islendik synanyşyklarynyň öňüni almagy talap etdi.

 Milli Liderimiz gümrük gullugynyň ýolbaşçysyndan Türkmenistanyň çäginden geçýän ýükleriň örän düýpli barlanylmagyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi talap etdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede dikeldilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn işler amala aşyrylýar. Türkmenistan halkara derejedäki iri ulag-üstaşyr halkasyna öwrülýär. Munuň bolsa gümrük gullugynyň ähli çäklerde, döredilýän halkara ulag geçelgelerinde sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynda möhüm orun eýeleýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şunda döwrebap tehnologiýalary peýdalanmagyň, düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, ýurdumyzyň barlag-geçiriş nokatlarynyň işgärleri üçin okuwlary we amaly dersleri yzygiderli geçmegiň hasabyna iş usullaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

 Şeýle hem mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, şahsyýetiň erkin ösmegi, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagy we yzygiderli berjaý edilmegi üçin hemme şertleriň döredilmelidigini belläp, tejribeleri içgin öwrenmegiň hem-de ony täze taryhy eýýamyň durmuşa geçirilýän ähli döwlet maksatnamalaryna itergi bermäge gönükdirilen kanunçylyk namalary işlenip taýýarlanylanda işjeň peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.

Mejlisde şeýle hem birnäçe beýleki möhüm meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

“Nesil” gazeti,

03.04.2017ý.

Meňzeş habarlar