Okgunly ösüşler — netijeli üstünlikler

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi

4-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 11 aýyň dowamynda alyp baran işleriniň netijelerine baha berildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meselelere seredildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümiň umumy möçberi, bölek satuw haryt dolanyşygy boýunça görkezijiler ýokarlandy. Ýanwar-noýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 17,9 milliard manada, çykdajy bölegi bolsa 16,9 milliard manada deň boldy. Döwlet edaralarynyň we hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň işgärleriniň aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Seredilýän döwürde rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda durmuş ähmiýetli desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaý­la­ry­nyň hem-de in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy.

Bu döwürde dürli çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary, ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, bäsleşikler, teatrlaşdyrylan çykyşlar we aýdym-sazly dabaralar guraldy. Türkmenistanda dostlukly döwletleriň Medeniýet günleri hem-de ýurdumyzyň daşary ýurtlarda Medeniýet günleri geçirildi. Daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalar bilen bilelikde birnäçe medeni çäreleri guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekip, paýtagtymyzda hem-de ähli welaýat merkezlerinde, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda baýramçylyk çärelerini, şol sanda çagalar we uly adamlar üçin şowhunly tomaşa çärelerini we sahna eserlerini ýokary derejede gurap, köpräk taýýarlamaly diýip, tabşyryk berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkara standartlaryna laýyklykda, ykdysadyýetimizde başlanan uly özgertmeler, sanly ykdysadyýete geçilmegi, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, elektron senagaty häzirki döwürde mekdep uçurymlarymyzdan diňe bir hünär boýunça endikleri däl-de, eýsem, beýleki bilimlere eýe bolmagyny talap edýär.

Häzirki döwürde mekdep uçurymlary dürli ugurlardan taýýarlykly bolmalydyr, olar söze çeperlik sungatyndan, saz gurallaryndan baş çykaryp, sportuň aýry-aýry görnüşleri bilen meşgullanmalydyr. Bu bolsa, biziň çagalarymyzyň durmuşda öz ýoluny dogry saýlap almagyny ýeňilleşdirer. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz şu mesele boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Ýylyň ahyryna çenli jemi içerki önümiň ösüş depgini çaklamalara görä 6,2 göterim bolar. Halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberleri artdy. Kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy artyp, häzirki döwürde 65 göterime barabar boldy diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ýurdumyzda eksporta niýetlenen önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça geçirilen çäreleriň netijesinde, geçen ýyl bilen deňeşdireniňde dürli önümleriň eksport edilýän möçberi 51 göterim artyp, çig mallaryň we serişdeleriň import edilen möçberi hem 48 göterim azaldy.

Umuman, biz on bir aýyň jemleri boýunça kanagatlanarly netijeleriň gazanylandygyny aýdyp bileris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Biz 2019-njy ýyl üçin hakyky ýagdaýlardan ugur alnyp, oýlanyşykly düzülen Döwlet býujetini kabul etdik. Şeýle hem, biziň ýeterlik möçberde serişdeleri bolan Durnuklaşdyryş gaznamyz, köp möçberde döwlet serişdelerimiz bar. Ýöne yhlasly we netijeli işlemegi dowam edip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary depginler bilen ösdürmek zerurdyr.

Hususylaşdyrmagy hem çaltlandyrmaly. Paýnamalary ýerleşdirmek, gazna bazaryny we açyk bäsleşikli söwdalary guramak hususylaşdyrmagyň esasy gurallarydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

2019-njy ýylda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylarynyň öňünde örän uly wezipeler durýar. Bu wezipeleri artygy bilen ýerine ýetirmek her bir ýolbaşçynyň mukaddes borjudyr! Biz näçe netijeli işlesek, näçe köp işleri bitirsek, mähriban halkymyz şonça-da gowy durmuşda ýaşar, Garaşsyz döwletimiziň abraýy has-da ýokarlanar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň hemmesine eziz Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

06.12.2018ý.