Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisi geçirildi. Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen mejlisde onuň işiniň netijelerine hem-de hyzmatdaşlygynyň geljegi bilen baglanyşykly meselelerine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz 27-nji aprelde “Oguzkent” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisine gatnaşdy. 2010-njy ýylda döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy häzirki wagtda dürli ýurtlaryň arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmek, bu tohumy kämilleşdirmek, onuň ajaýyp tohumçylyk we sport häsiýetlerini ösdürmek bilen meşgullanýan atçylarynyň özara gatnaşyklarynyň netijeli meýdançasyna öwrüldi. Assosiasiýanyň agzalarynyň ylalaşykly işi türkmen halkynyň milli baýlygy, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşandy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da artdyrmak boýunça işiň gerimini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berdi.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisiniň atşynaslyk meseleleri bilen meşgullanýan hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleri açjakdygyna, munuň bolsa bütin dünýäde ahalteke bedewleriniň ykbalyna oňyn täsirini ýetirjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiziň çykyşy foruma gatnaşyjylar we myhmanlar tarapyndan uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Mejlisde çykyş eden daşary ýurtly atşynaslar hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza asylly başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde uly üstünlikler arzuw etdiler. Myhmanlaryň belleýşi ýaly, assosiasiýanyň her ýyl Aşgabatda geçirilýän mejlisi dünýäniň atçylyk pudagyny ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin oňat meýdança bolup hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlaryň atçylyk işewürliginiň wekillerine mähirli sözleri we çuň manyly çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, öz tarapyndan Türkmenistanyň mundan beýläk hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzalarynyň işini mundan beýläk hem işjeň goldajakdygyny belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu ugurda geçirilýän işler türkmen halkynyň baý mirasyna söýginiň we hormatyň aýdyň mysaly hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga saldamly goşant bolar.
Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimize Halkara atçylyk sport federasiýasynyň hormatly sylagy — Kubogy, medaly we diplomy gowşuryldy. Milli Liderimiz bu sylagy ähli türkmen halkynyň, ahalteke bedewlerini köpeltmekde we atçylyk sportuny ösdürmekde tutanýerli zähmet çekýän atşynaslarymyzyň hyzmatlarynyň ykrarnamasy hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara indiki mejlisiň geçiriljek ýerini kesgitlemek baradaky çözgüdi kabul etmegi teklip edip, ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Assosiasiýanyň nobatdaky VIII mejlisiniň 2018-nji ýylda Aşgabatda geçiriljekdigini yglan etdi we degişli resminama gol çekdi.
“Nesil” gazeti,
29.04.2017ý.












