Hormatly Prezidentimiz Türkmen bedewiniň baýramynyň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen esasy dabaralaryň merkezi boldy. Hormatly Prezidentimiziň 1200 metr aralyga geçirilen çapyşyga gatnaşyp, tejribeli halypa çapyksuwarlaryň bäsleşiginde ýeňiş gazanmagy bolsa dabaranyň ýatdan çykmajak ýakymly we buýsançly pursadyna öwrüldi.
30-njy aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda guralan amaly-haşam sungatynyň, çeper senetleriň, suratlaryň we beýleki eserleriň giň gerimli sergisinde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri onuň esasy gahrymanlary boldular. Bu ajaýyp sergide aýawly saklanýan mirasymyz hem-de häzirki döwür, halkymyzyň döredijilik dünýäsiniň baýlygy öz beýanyny tapdy.
Ahalteke bedewleriniň dünýä şöhratyny artdyrmak işinde döwlet Baştutanymyzyň hyzmaty örän uludyr. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli atçylyk pudagy täze belentliklere çykyp, ýurdumyzda onuň düzümini ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, sportuň atçylyk görnüşlerini hem-de at münmegiň milli däplerini wagyz etmek boýunça uly işler geçirilýär.
Türkmenistan bu ulgamda dünýäniň iri merkezine öwrülýär, biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz bolsa dürli ýurtlarda geçirilýän iri bäsleşikleriň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar. Olar sirk sungatynda hem öňdäki orunlary eýeleýärler, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň sirk sungatynyň dürli halkara festiwallarynda gazanýan ýeňişleri munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bu gün bedew ýurdumyzyň öz ösüşinde uly üstünlikleri gazanmaga ýardam edýän gujur-gaýratyň beýanyna öwrüldi. Milli Liderimiz halkyň bedewlere bolan söýgüsini gazanyp, ahalteke tohumyny aýawly saklamak, artdyrmak we dünýä ýaýmak, atçylyk sungatynyň däplerini döwrebap tehnologiýalar bilen baýlaşdyrmak baradaky aladany döwlet syýasatynyň derejesine çykardy.
At çapyşyklary — bu çapyksuwarlar üçin hem synag mekdebidir. Atçylyk sporty adamdan dogumlylygy, ugurtapyjylygy, tutanýerliligi we joşgunlylygy hem-de atlara bolan söýgini, olara düşünmek, duýmak başarnygyny talap edýär.
Ahalteke bedewleri uzak aralyklara geçirilen ýörişlere gatnaşmak bilen, uzak ýola çydamlylygyny görkezip, dünýä atçylygynyň taryhynda şöhrat gazandylar. Olaryň gazanan üstünlikleriniň köpüsini häzire çenli gaýtalamak başartmady. Häzir ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň badalga beren ýene-de bir ajaýyp çäre — Türkmenistanyň ähli welaýatlary boýunça 500 günlük atly ýöriş dowam edýär. Oňa Aziada — 2017-niň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli badalga berildi.
Ahalteke bedewleri ajaýyp netijelerini diňe at çapyşyklarynda däl-de, atçylyk sportunyň beýleki görnüşlerinde, şol sanda konkur görnüşinde hem görkezýärler. Ol milli Liderimiziň başlangyjy bilen şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşuldy.
Dynç güni Türkmen bedewiniň baýramynyň hormatyna dabaraly çäreler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde guraldy.
“Nesil” gazeti,
02.05.2017ý.












