Çuňňur ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, durmuş gymmatlyklary dogrusynda sagdyn pikirlenmäge ukyply nesil döwletiň hem, milletiň hem geljegi hasaplanýar. Ýaşlaryň aň we beden taýdan sagdyn düşünjeli, hünärine ezber, saýlap alan ýoluna yhlasly bolmagy üçin döredilýän mümkinçilikler örän uly we olara bildirilýän ynam hem belent. Maşgala ojagyndaky sagdyn terbiýeden gözbaş alyp gaýdýan we häzirkizaman kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen çagalar baglarynda, orta mekdeplerde alan edep-terbiýesini, sowat-bilimlerini, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde, aspiranturalarda, doktoranturalarda barha kämilleşdirýän, ylym menzillerini ädimme-ädim külterleýän zehinli, hünärli ýaşlar hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns merkezinde. Çünki ylymly nesil kuwwatly Watan diýmekdir. Ýaşlaryň öz saýlap alan ugurlary boýunça ýokary bilimli hünärmen bolup ýetişmeginde milli Liderimiziň döreden mümkinçiliklerini durmuşymyzyň her ädiminde aýdyň duýýarys. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin ähli şertler döredilen. Hatda ýokary bilim alanyňdan soňky işe ýerleşmek meselesi hem hut hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns merkezinde. Ýakynda bolup geçen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli Liderimiz ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmek meselelerini kadalaşdyrmak, bu ulgamdaky kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek, hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda aýratyn nygtap geçdi. Maksatnamada göz öňünde tutulýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş we iş babatda üpjünçiligi doly nazara alynýar. Ýaşlarda zähmet-iş endiklerini emele getirmek, olarda hünäre bolan söýgini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak wajyp ähmiýetli ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ugurda ýola goýlan binýatlaýyn ulgam we döredilen ýörite institutlar döwrüň we geljegiň zerurlyklaryna kybap öz miwesini berýär. Işleriň netijeliligini artdyrmak üçin hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda ýaşhünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky” Karara gol çekdi we onuňdüzümini tassyklady. Resminama laýyklykda, Pudagara topar aýda bir gezek öz mejlisini geçirip, ýurdumyzyňwe daşary ýurt döwletleriniňokuw mekdeplerini tamamlan ýaşlaryňişbilen üpjün edilmegi baradaky meseleleri yzygiderli seljerer, ýaşlary işe ýerleşdirmek boýunça çäreleri amala aşyrar hem-de zerur teklipleri TürkmenistanyňMinistrler Kabinetine ýetirer.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar hakdaky beýik aladasyny her bir ýurt raýaty gyzgyn garşylaýar we beýik işlerini alkyş bilen gurşaýar. Sebäbi, bu sözleriň aňyrsynda biri-birine utgaşykly gidýän we sazlaşykly ýaňlanýan “Döwlet adam üçindir!” diýen beýik şygar bar. Milli Liderimiziň beýik aladasy bilen gurşalan, watansöýüjilik ruhunda kemala gelen ýaşlar ýurdumyzyň her bir işine, toýuna, dabarasyna, çäresine, tutumyna işeňňir we janaýaman garylyp-gatyşýar. Döredilen mümkinçilikleri peýdalanmak bilen özleriniň Watan bähbidine muwapyk gelýän arzuw-umytlaryny durmuşa geçirip bilýär. Özleriniň geljegini gurup bilýär. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlaryň döwletimiziň dürli pudaklarynda öz saýlap alan hünärleri esasynda zähmet ýoluna girişmegi, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda, döwrebap ruhy-medeni ösüşiniň barha kämilleşmeginde öz mynasyp goşantlaryny goşmaga, Watan söýgüsi bilen şineleýän tebigy zehinlerini doly açmaga mümkinçilik berer.
“Nesil” gazeti,
22.08.2017ý.












