BILIMLI NESLIŇ ALADASY

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, kämil bilimli, giň gözýetimli, hünärli, berk bedenli, sagdyn ruhly nesli kemala getirmek ugrunda edýän aladalary ýurdumyzyň ýaşlaryny has-da begendirýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralarynyň güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde şatlyk-şowhuna beslenen çagynda açylyp ulanylmaga berlen mekdeplerdir çagalar baglary hem ýaşlar hakdaky aladalaryň güwäsi boldy.

     Ak bugdaý etrabynyň ýaşlarynyň şatlygyny goşalandyran wakalaryň biri-de şol şatlyky günde etrabymyzyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň dabaraly ýagdaýda açylmagydyr. Döwrebap bilim ojagynda ýaş nesliň bilimleri çuňňur özleşdirmegi, bilim işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi babatynda ajaýyp şertleriň göz öňüne tutulmagy, okuw otaglarynyň okatmagyň iň häzirki zaman enjamlarydyr görkezme esbaplary bilen üpjün edilmegi her birimizi buýsandyrýar.

     Häzirki wagtda etrabymyzyň Öňaldy geňeşliginiň çäginde 640  orunlyk orta mekdebiň we 320 orunlyk çagalar bakja-bagynyň gurluşyklarynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny bellemek has-da ýakymlydyr. Bu zatlar hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň röwşen geljegimiz bolan ýaş nesilleriň erkana ösmegi we ýaşamagy, bilim almagy hakda edýän aladalarynyň  nyşanydyr. Munuň üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyzy çäksizdir.

 

Gülälek ORANÝAZOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý

etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Ýanwar 2025 | 47 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA

27 Ýanwar 2025 | 123 okalan

TÜRKMENIŇ NEPIS SUNGATY

25 Ýanwar 2025 | 166 okalan

ŞANLY ÝYLYŇ ŞANYNA GEÇIRILEN DUŞUŞYK