Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bugdaý ekişine beren ak patasyndan göwni galkynan Ahal welaýatynyň gallaçylary dili senaly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen ekiş möwsümine guramaçylykly girişdiler.
Welaýatymyzda oba hojalygyndaky bu jogapkärli işe ýokary taýýarlyklar bilen gelindi. Welaýatymyz boýunça geljek ýylyň hasyly üçin 195 müň gektarda bugdaý ekişini geçirip, şondan 400 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Möwsümde bugdaýyň, esasan-da, welaýatymyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, bol hasyl berýän «Alekseiç», «Bezostaýa — 100» «Kalym», «Batko», «Bagrat», «Sähraýy», «Garaşsyzlyk», «Bagtyýarlyk» ýaly görnüşleri ekiler. Möwsümde etraplardaky “Obahyzmat” önümçilik kärhanalarynyň, daýhan birleşikleridir daýhan hojalyklarynyň ekiji tehnikalaryň ýüzlerçesiniň hyzmatyndan peýdalanylar. Bizi begendirýar zataryň biri-de ekiji tehnikalara erk etjek mehanizatorlaryň arasynda ýaşlaryň hem bolmagydyr.
Ak bugdaý etrabynyň «Ak üzüm» daýhan hojalygynyň ekerançylyk meýdançasynyň golaýynda güýzlük bugdaý ekişine girişilmegi mynasybetli aýdym-sazly dabara ýaýbaňlandyryldy. Milli öwüşginli sergiler, daýhan durmuşyny açyp görkezýän tomaşalar, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar giň toý meýdançasynyň bezegini artdyrdy.
Jeýhun SAPARGULYÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.