Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşyjylaryň jemleýji konserti ruhubelentlige beslendi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäginde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlanan sungat baýramçylygyna ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda geçirilen tapgyrlaryň ýeňijileri gatnaşdy.
Zehinli çagalaryň we çagalar döredijilik toparlarynyň jemleýji konserti baýramçylyk ruhundaky sahna özboluşly şowhundyr joşgun çaýdy. Ýaş nesliň wekilleri özleriniň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen ukyp-başarnygyny görkezdiler. Olaryň her bir çykyşynda Watana bolan çäksiz söýgi, ajaýyp döwrümize we bagtyýar çagalyga bolan buýsanç öz beýanyny tapdy.
Sungat baýramçylygyň ahyrynda ýeňijiler yglan edildi hem-de olara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlardyr degişli diplomlar gowşuryldy.
Merdanaly ORAZBERDIÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy.