«ARÇMAN» ŞYPAHANASY TÄZE GÖRKE BESLENER

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şypahana ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen şypahanalaryň gurulmagy, ozaldan hereket edýän şypahanalaryň durkunyň täzelenmegi hem şaýatlyk edýär.

     Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynyň täze binasyny gurmak we öňki binalarynyň durkuny täzelemek ugrunda edilýän tagallalar has-da guwandyrýar. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Arçman» şypahanasynda bolup,  onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň  mümkinçilikleri bilen tanyşmagy diýseň guwandyryjy waka öwrüldi.

     Etrabymyzyň çäginde, dag eteginiň täsin we gözel künjeginde ýerleşýän şypahanada 400 orunlyk täze bina gurlar, bejeriş binasynyň we otaglarynyň durky täzelener, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylar. Bu bolsa, «Arçman» şypahananyň mümkinçilikleriniň giňemegine, hyzmatlarynyň hiliniň we derejesiniň ýokarlanmagyna itergi berer. Şeýlelikde, şypahananyň meşhurlygy has artar. Ynsan saglygy we bagtyýarlygy ugrunda uly alada edip, giň göwrümli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

 

Mamagözel BOZZYÝEWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

28 Ýanwar 2025 | 47 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA

27 Ýanwar 2025 | 123 okalan

TÜRKMENIŇ NEPIS SUNGATY

25 Ýanwar 2025 | 166 okalan

ŞANLY ÝYLYŇ ŞANYNA GEÇIRILEN DUŞUŞYK