ÝOL HEREKETINIŇ DÜZGÜNLERI WAGYZ EDILDI

     Şu günler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň,  etrap bilim bölüminiň hem-de Etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň bilelikde guramagynda etrapdaky orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Etrapdaky ýöriteleşdirilen 45-nji we 46-njy orta mekdeplerde geçirilen duşuşyklar has-da täsirli boldy.

     Duşuşyklarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda yglan edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde alnyp barylýan çäreler we olaryň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi, okuwçy ýaşlar mekdebe gelende we mekdepden öýe gaýdanda ýol hereketiniň kadalaryny hökmany ýagdaýda berjaý etmelidigi barada aýdyldy.

     Sowal-jogap alyşmak häsiýetde geçen duşuşyklarda okuwçy ýaşlara köçe-ýol hereketiniň kadalary, pyýadalar üçin niýetlenen ýerler, ýanýodalar, ýerasty geçelgeler, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri giňişleýin düşündirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar ak ýollarymyzyň hemişe asuda bolmagyny arzuw edip, halkymyzy bagtyýar durmuşa ýetiren hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň  adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Rejepgeldi ATAJANOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar