Lebap welaýat kitaphanasynda geçirilen maslahat Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlandy. «Döwletli işler halkyň bähbidine» diýen at bilen geçirilen bu maslahata TMÝG-niň Lebap welaýat, Türkmenabat şäher, Dänew, Çärjew we Saýat etrap Geňeşleriniň işgärleri, işjeň agzalary, döredijilik işgärleri we kitaphanaçylar gatnaşdylar.
Maslahatda edilen çykyşlarda her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öň ýanynda geçirilýän bu umumy milli forumyň döwletimiziň ösüşlerini we halkymyzyň bagtyýarlygyny dowam etdirmekde aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy. Şeýle hem ildeşlerimiz pederlerimiziň agzybir döwleti berkarar etmekde pederlerimiziň il-halka sala salmak, halk bilen maslahat etmek, geňeşmek ýaly ýörelgeleriniň berkarar döwletimizde öz mynasyp ornuny tapýandygyny nygtadylar. Ildeşlerimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde halkymyzyň bagtyýarlygyny, döwletimiziň abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly birnäçe möhüm çözgütleriň kabul ediljekdigine uly ynam bildirdiler. Bagtyýar ýaşlar çykyşlarynda halkymyza döwletli döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.
Dinara KARIMOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.