Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda yglan edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlap, şu günler welaýatymyzyň ýokary, ýörite orta mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Golaýda şeýle çäreleri Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda we Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde hem geçirdik. Bu çärelere Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň işgärleri, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
«Ýollar asuda — iller abadan» diýen at bilen geçirilen çäreleriň dowamynda ýollarda asudalygy saklamak, hereket howpsuzlygyny berjaý etmek, degişli düzgünlere eýermek bilen bagly täsirli çykyşlara giň orun berildi. Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň wekilleriniň çykyşlarynda köçe we ýol hereketiniň talaplaryny doly we dogry berjaý etmegiň herekete gatnaşyjylaryň ählisi üçin hem esasy zerurlykdygy nygtaldy. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen her ýyl «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen geçirilýän biraýlygyň we onuň bilen baglanyşykly guralýan çäreleriň ýollarda howpsuzlygy saklamakda aýratyn ähmiýeti eýe bolýandygy nygtaldy. Çykyş edenler üstümizdäki ýylda hem bu biraýlygy netijeli geçirip, şeýle ählihalk işlerine uly goşant goşjakdyklaryny aýtdylar.
Ýusup BABAKULOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat Geňeşiniň başlygy.