BIRAÝLYGA BAGYŞLANDY

     Jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky beýik ädimleri halkymyzyň saglygyny, rahatlygyny kepillendirýär. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilip, onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, şeýle hem her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen biraýlygyň geçirilmegi hem şu ugurdaky taýsyz tagallalarynyň ajaýyp miwesidir. Biz hem bu ugurdaky işlere goşant goşmak maksady bilen Kerki etrabynyň medeniýet merkezinde «Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek her birimiziň borjumyz» atly duşuşyk geçirdik. Oňa polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň işgärleri, harby gullukçylar we Türkmenabat şäherindäki hünärmenleri taýýarlaýan harby mekdebiň Kerki şäher şahamçasynyň 2024-nji ýylyň 3-nji tapgyryna okuwa kabul edilen esgerler gatnaşdylar.

     Duşuşykda Türkmenabat şäherindäki hünärmenleri taýýarlaýan harby mekdebiň Kerki şäher şahamçasynyň müdiri, maýor R.Nurmyradow, Kerki garnizonynyň harby awtomobil gözegçiliginiň müdiri, maýor Ş.Rahmankulow, etrabyň çägindäki harby bölümiň lukmany, lukmançylyk gullugynyň leýtenanty A.Kakaýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri A. Joraýew çykyş etdiler. Edilen çykyşlarda ýol hereketine gatnaşyjylaryň, sürüjileriň we pyýadalaryň degişli düzgünleri berjaý etmekleriniň hökmanylygyna üns çekildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen aýna ýaly tekiz ýollarymyzda hereket howpsuzlygyny berjaý etmek bilen baglanyşykly geçirilýän işlere aýratyn üns çekildi.

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň  başlygy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 6 okalan

DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

20 Noýabr 2024 | 5933 okalan

MERDANA OGLANLAR BÄSLEŞDILER