Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda köpçülikleýin bedenterbiýe, sagdynlyk we sport hereketleri raýatlarymyzyň durmuşyna ykjam ornaşdy. Bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzyň etrap-şäherlerinde, hat-da iň çetki obalarynda gurlup, ulanylmaga berlen sport mekdeplerinde we sport toplumlarynda yzygiderli türgenleşik sapaklaryny geçip, kämilliklerini, ukyp-başarnyklaryny artdyrýarlar. Işine ussat tälimçileriň bu ugurdaky işleri şol bir wagtyň özünde sagdyn jemgyýetiň berkarar bolmagyny, sagdyn ruhly we berk bedenli nesilleriň kemala gelmegini gazandyrýar. Bular dogrusynda golaýda Türkmenabat şäherindäki 1-nji saglyk öýünde geçirilen wagyz-nesihat çäresinde hem täsirli çykyşlara giň orun berildi.
«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen at bilen guralan bu wagyz-nesihat çäresine maşgala lukmanlary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri we şäherimiziň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Güýz paslynda sagdyn we kadaly iýmitlenmegiň we sport bilen meşgullanmagyň, öýlerde, edaralarda we jemgyýetçilik ýerlerinde arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň zerurlygy dogrusyndaky täsirli gürrüňler lukmanlaryň çykyşlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Leýla AMANOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.