TÄZE MEKDEP ÇAGALARYŇ ŞATLYGYNY ARTDYRDY

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji gününde ýurdumyň ähli ýerinde giň dabaralara beslenen Bilimler we talyp ýaşlar güni biziň etrabymyzyň ýaşaýjylarynyň hem şatlygyny goşalandyrdy. Çünki şol gün etrabymyzyň Hojambaz şäherinde 2 gatly 960 orunlyk döwrebap mekdebiň täze binasy gurlup ulanylmaga berildi. Bu mekdep Lebap welaýatynyň umumybilim berýän edaralarynyň üstüni ýetirdi.

     Täze mekdebiň açylyş dabarasy belent baýramçylyk ruhuna beslendi. Bu şanly waka hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim ulgamynyň işgärleri we kalplary ata Watana buýsançdan doly mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Olar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny düýpli kämilleşdirmäge hem-de dünýä derejesine çykarmaga gönükdirilen oňyn strategiýasy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryndan görnüşi ýaly, täze mekdepleriň açylmagy ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. Şeýle hem mekdebiň açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda eziz Diýarymyzyň obalarynda we şäherlerinde häzirki zaman mekdepleriniň hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurulýandygy, bu binalaryň iň döwrebap kompýuterler, beýleki zerur enjamlar we okuw gollanmalary bilen üpjün edilýändigi, okuw işlerine ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň, interaktiw-multimediýa hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygy nygtaldy. Täze mekdebiň lingafon otagynda daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Bilimleri üstünlikli özleşdirmek üçin matematika, informatika, biologiýa, himiýa we beýleki derslere niýetlenen otaglarda degişli amatlyklar döredilipdir. Zähmet sapagy hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin zerur enjamlar ornaşdyrylypdyr.

     Hormatly ýaşulular ýola goýlan asylly däbe görä, 1-nji synpa gelen körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleri gowşurdylar. Munuň özi bilimler dünýäsine gadam basýan körpe okuwçylaryň şatlygyny has-da artdyrdy. Umuman, Hojambaz etrabyndaky 38-nji orta mekdep hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli amala aşyrýan täze bilim syýasatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

 

Akjagül NURÝAGDYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Hojambaz etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

13 Sentýabr 2024 | 21 okalan

MÖHÜM WEZIPELER MASLAHATLAŞYLDY

13 Sentýabr 2024 | 15 okalan

ELI HÜNÄRLI GYZLAR BÄSLEŞDILER

12 Sentýabr 2024 | 35 okalan

YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI