AGZYBIRLIGIŇ WE GÜLLÄP-ÖSÜŞIŇ BINÝADY

     Ýurdumyzyň özygtyýarlyk toýunyň baýram ediljek günlerinde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlap, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdik. Onda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri bu umumymilli forumyň öňde geçiriljek mejlisine görülýän taýýarlyk işleri boýunça çykyş etdiler.

     Edilen buýsançly çykyşlarda Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlary bilen döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzda halk häkimiýetiniň işini dabaralandyrmakda, agzybirligi berkitmekde we ýurdumyzyň gülläp-ösüşini üpjün etmekde aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy. Şeýle hem Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän çözgütlere laýyklykda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde, raýatlarymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, röwşen ertirlerini berkarar etmekde durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler dogrusynda aýratyn nygtaldy. Kalplary döwletli döwranymyza buýsançdan doly watandaşlarymyz ýurdumyzyň durmuşynda aýratyn orun aljak bu syýasy çäräniň ähmiýetiniň halkyň arasynda yzygiderli wagyz edilýändigini bellediler. Çykyşlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde serediljek meseleleriň we kabul ediljek anyk çözgütleriň ýurdumyzy geljek ýyllarda-da depginli ösdürmäge itergi berjekdigine uly ynam bildirildi.

     Halkymyzyň bagtyýar şu güni we nurana ertirleri ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin!

 

Aýjahan MOLLAÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Sentýabr 2024 | 21 okalan

MÖHÜM WEZIPELER MASLAHATLAŞYLDY

13 Sentýabr 2024 | 15 okalan

ELI HÜNÄRLI GYZLAR BÄSLEŞDILER

12 Sentýabr 2024 | 35 okalan

YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI