15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň gündogar welaýaty – Lebap welaýatyna iş sapary bilen geldi. Hormatly Prezidentimizi Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Lebap welaýatynyň häkimi garşy aldylar, şeýle hem bu ýerde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ýerde Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Soňra Döwlet Baştutanymyz ýörite gurnalan mejlisler zalynda gutlag sözi bilen çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda himiýa senagatynyň ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy, bu ugry ösdürmek boýunça iri taslamalaryň amala aşyrylýandygyny, Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň taslamasyny Koreýa Respublikasynyň “Daewoo” kompaniýasynyň ýerine ýetirjekdigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Soňra Koreýa Respublikasynyň “Daewoo” kompaniýasynyň başlygy Jong Won-juwanyň çykyşy diňlenildi. Ol, ilki bilen, şeýle iri taslamanyň “Daewoo” kompaniýasyna ynanylandygy üçin Döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny bildirip, bu möhüm taslamanyň ýurduň gaz-himiýa senagatynyň hem-de oba hojalygynyň ösüşine uly goşant goşjakdygyny nygtady.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Watanymyzyň himiýa senagatyny ösdürmek boýunça öňdebaryjy tejribeler we sanly mümkinçilikler giňden ornaşdyrylýar. Täze önümçilik toplumynyň gurulmagy diňe bir ýurdumyzy däl, eýsem, dünýä bazaryny hem mineral dökünler bilen ýeterlik derejede üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Daşary ýurtlar bilen dostlukly hyzmatdaşlygy öňe sürýän, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy hakyndaky aladany ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli asylly işlerinde rowaçlyk arzuw edýäris!
Ýulduz BABAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýat Geňeşiniň habarçysy.