Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, Türkmenabadyň S.A Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty mineral dökünlerini öndürýän toplumyň düýbüni tutmaga ak pata bermegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň işçi-hünärmenleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça birnäçe işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi dogrusynda belläp geçdiler.
Häzirki döwürde diýarymyzyň himiýa senagatynda birnäçe iri kärhanalar netijeli işleýär. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, olaryň durky täzelenilýär. Himiýa senagatynyň ösüşi Türkmenistan diýarymyzyň durmuşa geçirýän oňyn maýa goýum syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Elbetde, ýurdumyzyň oba hojalygynyň we obasenagat toplumynyň ösüşini ilerletmekde, azyk bolçulygyny döretmekde we ekinleriň hasyl berijiligini ýokarlandyrmakda dökünleriň ähmiýeti örän uly. Bu dökünleriň ekine, onuň hasylyna nähili haýyrlydygy ylym üçin bireýýäm mälim. Bereketli meýdanlarymyza bu mineral dökünler bol mukdarda gerek bolup durýar. Täze toplumyň işe girizilmegi bilen, Türkmenabadyň himiýa zawodynda fosforly dökünleriň önümçiligi häzirkisinden iki esse köpeler. Bu bolsa diňe bir içerki talaplary ödemek bilen çäklenmän, eýsem, eksport mümkinçiligimizi hem artdyrar. Ýurdumyzda şeýle zawotdyr kärhanalaryň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi ýaşlarymyza halal zähmet çekmeklikleri üçin uly mümkinçilikleriň biri bolup durýar. Goý, döwletimiziň himiýa senagatyny ösdürmek babatda döwrebap şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmekde alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Aýjahan MOLLAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.