«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmakda ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen bir hatarda biziň etrabymyzda-da dabaraly maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleridir, döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär.
Hut şu jähtden, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 10-njy orta mekdebinde «Şygyrlaryň dilde dessan, Pyragy!» ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Murgap etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň ýokary synp okuwçy ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bäsleşigiň esasy maksady Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şeýle hem nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlere ýugrulan şygyrlaryny çeper okamakdan, döredijilige ukyply ýaşlary ýüze çykarmakdan ybarat boldy.
Döredijilik bäsleşigiň başynda oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyraga bagyşlanyp mekdepde döredilen sergi bilen tanyş boldular. Bäsleşik Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň häzirki günlerimizde bagtyýar ýaşlarymyzyň diliniň senasy bolup ýaňlanýandygy, şeýle hem Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmeginiň ähmiýeti baradaky buýsançly çykyşlar bilen açyldy. Soňra bäsleşige gatnaşýan okuwçylara şowlulyk arzuw edildi. Döredijilige höwesli okuwçy ýaşlar söz mülküniň hökmürowany Magtymguly Pyragynyň döreden ajaýyp goşgularyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Nusgawy şahyryň «Türkmeniň», «Gerekdir», «Boýlaryňa» we «Bolar sen» ýaly goşgulary bäsleşige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Bäsleşikde emin agzalaryň beren bahalaryna laýyklykda, öňdebaryjylygy eýelän okuwçy ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şeýle hem bäsleşige gatnaşanlar eziz Watanymyzda döredijilik bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini buýsançly beýan etdiler.
Laçyn RAHMANOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Murgap etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.