TEBIGAT GÖZELLIGI- ÜLKÄMIŇ BEZEGI

     Ýaňy-ýakynda şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de ÝUNESKO-nyň Assosirlenen Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Many-mazmuna baý bolan duşuşykda  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Göwher Kakageldiýewa, ÝUNESKO-nyň Assosirlenen Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň koordinatory Jeren Badyýewa dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenler tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljek nesillerimiz üçin gorap saklamak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny  buýsanç bilen bellediler. Çykyşlaryň dowamynda ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işleriň has-da ýaýbaňlandyrylmagyna goşant goşmak ýaşlaryň esasy maksady bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar.

     Soňra mekdebiň ýanaşyk ýerlerinde bar bolan, bag nahallarynyň düýbüni abatlaýyş we suwaryş işine giň gerim berildi. Bu ýerde okuwçy ýaşlar bag nahallaryny suwardylar, ýerlere ideg etdiler.

     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde bagtyýar ýaşlara nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

     Şeýle ähmiýetli çäreleriň yzygiderli geçirilmegi gözel tebigatymyzy gorap saklamaga we güneşli Diýarymyzda arassa ekoulgamynyň kemala gelmeginde ýakyndan ýardam berýär.

 

Annagözel SARYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar