DOSTLUK DARAGTYNYŇ SAÝASYNDA

     Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynda dünýäniň iň abraýly guramalarynyň biri bolan ÝUNESKO bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Munuň özi ýurdumyzyň ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryndaky halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi, şol sanda halkara guramalar tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. Türki medeniýetiň halkara guramasy — TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy nusgawy şahyrymyzyň umumadamzat ähmiýetli döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr.

     Ýurdumyzyň syýasy-medeni durmuşynyň ýyl ýazgysynda aýratyn orun alan bu şanly wakalar mynasybetli biz hem Kerki etrap salgyt bölüminde zähmet çekýän ildeşlerimiz bilen «Dostluk daragtynyň saýasynda» atly söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdik. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklaryny gorap saklamak, olaryň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu söhbetdeşlik duşuşygynda ildeşlerimiziň täsirli çykyşlaryna giň orun berildi. Çykyşlarda ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasynyň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde hasaba alnan taryhy we medeniýet ähmiýetli ýadygärlikleri, taryhy ýerleri öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýratyn nygtaldy.

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar